HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Awgust 11, 2026 | 18:23 |944
2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Stambul sergi merkezinde keramiki santehnika we aşhana enjamlaryna bagyşlanan 37-nji UNICERA Istanbul Halkara sergisi geçiriler2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Stambul sergi merkezinde keramiki santehnika we aşhana enjamlaryna bagyşlanan 37-nji UNICERA Istanbul Halkara sergisi geçiriler
Çeşme: 10times.com

2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Stambul sergi merkezinde keramiki santehnika we aşhana enjamlaryna bagyşlanan 37-nji UNICERA Istanbul Halkara sergisi geçiriler. Bu çäre Türkiýedäki iň iri ýöriteleşdirilen sergi bolup, dünýäde öz ugrunda göwrümi boýunça ikinji ýerde durýar.

Giň gerimli forum 128 ýurtdan 90 000-den gowrak pudak hünärmenini bir ýere jemlär. Sergi öndürijiler, satyn alyjylar, import edijiler, binagärler we gurluşyk kompaniýalary üçin netijeli B2B platforma bolup, eksport şertnamalaryny gönüden-göni baglaşmaga we täze bazarlara çykmaga mümkinçilik döreder.

Sergide şu önümler we ugurlar görkeziler:

• Keramiki örtükler we bezeg materiallary

• Keramiki santehnika we hammam otaglary üçin mebel

• Aşhana enjamlary, gap-gaçlar we bezeg elementleri

• Santehniki armatura we gurluşyk himiýasy

• Önümçilik tehnologiýalary, çig mal we tehniki keramika

UNICERA Istanbul dünýäniň öňdebaryjy brendlerini, täze tehnologiýalary we dizaýnyň häzirki zaman ugurlaryny bir ýere jemlär. Sergä gelýänler we baýerler täze önümler bilen ýerinde tanyşmaga, alternatiw üpjün edijileri tapmaga we araçylar bolmazdan amatly şertlerde satyn alyşlary amala aşyrmaga mümkinçilik alarlar.

Öndürijiler we distribýutorlar üçin bolsa sergi brendi ilerletmegiň, müşderiler bazasyny giňeltmegiň we halkara bazaryna çykmagyň netijeli guraly bolar.

Çäräniň giňişleýin maksatnamasy bilen tanyşmak we gatnaşmak üçin hasaba durmak şu salgy boýunça amala aşyrylýar: unicera.com.tr resmi saýty.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026