HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hywanyň “Gawun baýramy” Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Awgust 12, 2026 | 18:38 |845
Horezmde geçirilýän däp bolan üç günlük “Gawun baýramy” taryha girdi: çäre resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildiHorezmde geçirilýän däp bolan üç günlük “Gawun baýramy” taryha girdi: çäre resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Çeşme: podrobno.uz

Horezmde geçirilýän däp bolan üç günlük “Gawun baýramy” taryha girdi: çäre resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Dünýä derejesindäki esasy üstünlik takmynan 250 sany özboluşly gawun görnüşiniň dadylmagy boldy. Giň gerimli baýramçylyga dünýäniň dürli künjeklerinden bir milliondan gowrak myhman gatnaşdy.

Baýramçylyk demir ýol menzilinden taryhy Içan-Kala toplumyna çenli uzap gidýän syýahatçylyk alleýasynda geçirildi. Bu ýer oba hojalyk önümleriniň we ýerli senetçileriň işleriniň görkezilýän tematik pawilýonlary bilen bezelip, milli däpleri, medeniýeti we häzirki zaman tehnologiýalaryny özünde jemledi.

Çäre diňe bir daýhanlar üçin däl, eýsem ylmy jemgyýet üçin hem möhüm meýdança öwrüldi. Ürgenç döwlet uniwersitetiniň alymlary 50-den gowrak gawun görnüşini, şol sanda daşary ýurtlara eksport etmek üçin geljegi uly görnüşleri hödürlediler. Şeýle hem gawunyň miwesini, tohumlaryny we gabygyny süýji-köke önümlerini, ýaglary, derman serişdelerini we iýmleri öndürmek üçin galyndysyz gaýtadan işlemegiň tehnologiýalary görkezildi. Mundan başga-da, çäräniň geçirilmegi mynasybetli “Horezm gawunlary” atly üç dilli kitap neşir edildi. Kitapdaky QR-belgileriň kömegi bilen okyjylar gawun ekilýän meýdanlara wirtual syýahat edip bilýärler.

Halkara baýramçylyk sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky täsirli gala-konsert bilen tamamlandy. Dünýä rekordynyň goýulmagy diňe bir Hywanyň syýahatçylyk derejesini berkitmän, eýsem Özbegistanyň oba hojalyk önümlerini eksport etmek üçin täze mümkinçilikleri hem açdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026