HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda daşary ýurtly talyplaryň sanawynda Türkmenistanyň raýatlary öňdeligi eýeledi

Awgust 11, 2026 | 15:32 |2061
2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Özbegistan bilim almak maksady bilen ýurda gelen daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň ep-esli artandygyny hasaba aldy. Özbegistan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň «Sputnik Özbegistan» infografikasynda çap edilen maglumatlaryna görä bilim alýanlaryň sany boýunça Türkmenistan öňdeligi eýeledi2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Özbegistan bilim almak maksady bilen ýurda gelen daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň ep-esli artandygyny hasaba aldy. Özbegistan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň «Sputnik Özbegistan» infografikasynda çap edilen maglumatlaryna görä bilim alýanlaryň sany boýunça Türkmenistan öňdeligi eýeledi
Çeşme: uz.sputniknews.ru

2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Özbegistan bilim almak maksady bilen ýurda gelen daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň ep-esli artandygyny hasaba aldy. Özbegistan Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň «Sputnik Özbegistan» infografikasynda çap edilen maglumatlaryna görä bilim alýanlaryň sany boýunça Türkmenistan öňdeligi eýeledi.

2026-njy ýylyň ýanwar–iýun aýlary aralygynda goňşy ýurda bilim almak üçin Türkmenistanyň 9 207 raýaty geldi. Bu dünýäniň ähli ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji bolup, iki döwletiň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň we akademiki alyş-çalyşlaryň işjeň ösýändigini görkezýär.

Umuman, alty aýyň dowamynda Özbegistana bilim almak maksady bilen gelen daşary ýurtlylaryň sany iki esse artmak bilen, 21 müňden geçdi. Bilim almak üçin Özbegistana iň köp raýat iberen ýurtlaryň ilkinji bäşligine şeýle hem Hindistan — 3 723 adam, Täjigistan — 1 915 adam, Hytaý — 951 talyp we Gyrgyzystan — 834 talyp bilen girdi.

Bu tendensiýanyň pugtalandyrylmagyna ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki maksatnamalaryň, tejribelikleriň işjeň durmuşa geçirilmegi we sebitiň ýokary okuw mekdeplerinde grant boýunça okuw ýerleriniň giňeldilmegi ýardam berýär.

10082026-turkmenistan-leads-foreign-students-in-uzbekistan.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026