HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasyna gatnaşýarlar

Awgust 10, 2026 | 17:46 |2580
10-njy awgustda Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaýyň türki dünýäsi: taryhdaky we häzirki döwürdäki bitewilik we köpdürlülik» («Uly Altaý») atly halkara ylym-bilim taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesinde hem-de Altaý Respublikasynda geçiriljek «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy öz işine başlady10-njy awgustda Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaýyň türki dünýäsi: taryhdaky we häzirki döwürdäki bitewilik we köpdürlülik» («Uly Altaý») atly halkara ylym-bilim taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesinde hem-de Altaý Respublikasynda geçiriljek «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy öz işine başlady
Çeşme: orient.tm

10-njy awgustda Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaýyň türki dünýäsi: taryhdaky we häzirki döwürdäki bitewilik we köpdürlülik» («Uly Altaý») atly halkara ylym-bilim taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesinde hem-de Altaý Respublikasynda geçiriljek «Uly Altaý: türki miras 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy öz işine başlady. Bu taslama türki halklarynyň umumy taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmek maksady bilen Russiýadan we Merkezi Aziýadan alymlary bir ýere jemledi.

Ekspedisiýanyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň doktoranty, taryh ylymlarynyň kandidaty Aýna Baýmuradowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew hem gatnaşýarlar.

этнографической экспедиции Большой Алтай

Ekspedisiýa başlamazdan ozal alymlar Altaý döwlet uniwersitetiniň rektory Sergeý Boçarow bilen duşuşdylar. Rektor «Uly Altaý» taslamasynyň hereket edýän ýyllarynyň dowamynda giň möçberli halkara başlangyja öwrülendigini we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ylmy işgärleriň ünsüni özüne çeken uly göwrümli halkara taslamasyna öwrülendigini nygtady hem-de ylmy işgärlere uly üstünlikleri arzuw etdi.

этнографическая экспедиция

Ekspedisiýanyň dowamynda Altaý ülkesinde we Altaý Respublikasynda ýaşaýan türki halklaryň obalaryna barmak, olaryň gadymy däp-dessurlaryny, halyçylyk sungatyny we keçe taýýarlamak ýaly milli senetlerini, şeýle hem milli egin-eşiklerini, gündelik durmuşyny we ýaşaýşyny öwrenmek meýilleşdirýär.

этнографическая экспедиция 1

Arheologlaryň we etnograflaryň ylmy maglumatlary dürli etniki jemgyýetleriň medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmäge, Altaý we Merkezi Aziýa halklarynyň däp-dessurlaryndaky umumylyklary ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026