Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi «Akhal-Téké France» assosiasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy


5-nji awgustda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew «Akhal-Téké France» ahalteke atlary assosiasiýasynyň prezidenti Nikola Menýu we assosiasiýanyň wise-prezidenti Eloiz Žirardi bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek Atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berdi we assosiasiýanyň ýolbaşçylaryny hem-de agzalaryny çempionata işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Assosiasiýanyň wekilleri çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Fransiýadaky ahalteke atlarynyň eýeleriniň ýaryşa gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Şeýle hem häzirki wagtda Fransiýada takmynan 300 sany ahalteke atynyň bardygy bellenildi.
ORIENT








