HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba alyşy ýola goýdy: hyzmaty nireden tapyp bolar

Awgust 08, 2026 | 16:49 |1347
Türkmenistanda milli sanly döwlet hyzmatlarynyň ekoulgamyny ösdürmek ugrunda ýene bir möhüm ädim ädildi. Ýurdun Döwlet migrasiýa gullugy daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak işini elektron görnüşe geçirdiTürkmenistanda milli sanly döwlet hyzmatlarynyň ekoulgamyny ösdürmek ugrunda ýene bir möhüm ädim ädildi. Ýurdun Döwlet migrasiýa gullugy daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak işini elektron görnüşe geçirdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanda milli sanly döwlet hyzmatlarynyň ekoulgamyny ösdürmek ugrunda ýene bir möhüm ädim ädildi. Ýurdun Döwlet migrasiýa gullugy daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak işini elektron görnüşe geçirdi.

Täze hyzmat daşary ýurt raýatlaryna bolýan ýeri boýunça hasaba durmaga, ýurtda bolmagyň möhletini uzaltmaga we hasapdan çykarmak işini doly uzak aralykdan amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmatdan daşary ýurtly myhmanlaryň özleri hem, olary kabul edýän taraplar — fiziki şahslar, myhmanhanalar, çakylyk iberýän kompaniýalar we okuw mekdepleri hem peýdalanyp bilerler.

Bu ulgamyň işe girizilmegi “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täzelenen kadalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Amallaryň elektron gurşawa geçirilmegi degişli edaralara şahsy baryp görmek zerurlygyny aradan aýyrýar, resminamalary işlemek üçin sarp edilýän wagty iň pes derejä çenli azaldýar we resminama dolanyşygynyň elektron görnüşde aç-açan alnyp barylmagyny üpjün edýär.

Hyzmaty nireden tapyp bolar?

Onlaýn hasaba durmak işini migrasiýa hasabaty boýunça elektron portalyň göni salgysynyň üsti bilen amala aşyrmak bolýar: rgstr.migration.gov.tm

Platforma dürli enjamlara uýgunlaşdyrylandyr we zerur resminamalar toplumyny islendik enjamdan hakyky wagt tertibinde tabşyrmaga mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026