HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasy Aziýa ýurtlaryndan gelen geljekki diplomatlar üçin duşuşyk geçirdi

Awgust 08, 2026 | 16:52 |2116
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Ýewropa institutlarynyň işini we häzirki zaman diplomatiýasynyň amaly ugurlaryny öwrenmek maksady bilen Brýussele gelen Aziýa ýurtlarynyň 30 talybyndan ybarat bolan topary kabul etdiTürkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Ýewropa institutlarynyň işini we häzirki zaman diplomatiýasynyň amaly ugurlaryny öwrenmek maksady bilen Brýussele gelen Aziýa ýurtlarynyň 30 talybyndan ybarat bolan topary kabul etdi
Çeşme: belgium.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy Ýewropa institutlarynyň işini we häzirki zaman diplomatiýasynyň amaly ugurlaryny öwrenmek maksady bilen Brýussele gelen Aziýa ýurtlarynyň 30 talybyndan ybarat bolan topary kabul etdi.

turkmenistan-embassy-brussels-hosts-asian-students (4).jpg

Ilçi Sapar Pälwanow ýaş hünärmenleri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bu syýasat hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar. Duşuşygyň dowamynda diplomat Aşgabat tarapyndan öňe sürülýän halkara parahatçylyk başlangyçlary, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi. Şeýle hem sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiň öňisyrasynda Halk Maslahatynyň döwlet dolandyryşyndaky orny barada maglumat berdi.

turkmenistan-embassy-brussels-hosts-asian-students (5).jpg

Duşuşykda Türkmenistanyň medeni mirasyna we ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýyly bolan 2026-njy ýylyň nyşanlaryna aýratyn üns berildi. Ilçi türkmen halkynyň taryhynda ahalteke bedewleriniň eýeleýän orny barada gürrüň berdi hem-de sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli medeni we atçylyk çäreleri barada habar berdi.

turkmenistan-embassy-brussels-hosts-asian-students (3).jpg

Çäräniň jemleýji bölegi Türkmenistanyň taryhy, diplomatiýasy we däp-dessurlary baradaky bilimleri barlaýan interaktiw intellektual bäsleşik boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Baş baýragyň eýesine bolsa däp bolan türkmen halysy sowgat berildi.

Şeýle tanyşdyryş saparlaryny geçirmek Brýusseldäki diplomatik wekilhananyň ýaşlar diplomatiýasyny we medeniýetara dialogy ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli işleriniň tejribesine öwrüldi.

turkmenistan-embassy-brussels-hosts-asian-students (1).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026