HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Söwdalaşýan sport: FIFA dünýä çempionatyndaky paýlary satmak baradaky meýilnamadaky ýalňyşlyklar üçin ötünç sorady

Awgust 07, 2026 | 18:00 |1055
Çeşme: orient.tm

Çarşenbe güni Marokkoda geçirilen duşuşykdan soň FIFA prezidenti Janni Infantinonyň futbol boýunça dünýä çempionatyndaky paýlary satmak baradaky teklibi bilen baglanyşykly goýberilen ýalňyşlyklar üçin ötünç sorady. Bu barada penşenbe güni çap edilen beýanatda aýdylýar. Dünýä futbolynyň baş ýolbaşçysy iň mukaddes hasaplanýan ýaryşyň bir bölegini hususy maýadarlara satmaga synanyşanda, bütin dünýäniň janköýerleri muňa gaharly garşylyk görkezdi. Şonda bir hakykat aýdyň boldy: futbol diňe bir işewürlik däl, eýsem millionlar üçin ynam we duýgy bilen bagly gymmatlykdyr. FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino futboly ösdürmek maksady bilen täjirçilik düzümini döretmegi we 4,2 milliard ABŞ dollaryna çenli maýa çekmegi teklip etdi, emma onuň bu başlangyjy garaşylmadyk derejede güýçli garşylyga sezewar boldy.

UEFA, beýleki konfederasiýalar, hatda FIFA-nyň öz içindäki käbir ýolbaşçylar hem «dünýä çempionatyny satmak» pikirine garşy çykyş etdiler. Netijede, FIFA ötünç soramaga, goýberen ýalňyşlyklaryny boýun almaga we şeýle ýagdaýyň gaýtalanmajakdygyny wada bermäge mejbur boldy. Bu waka has uly meseläni hem açyp görkezdi: oýna bolan söýgini onuň gutulgysyz täjirileşdirilmegi bilen nädip utgaşdyrmaly? Hatda täjirçilik maksadyny göz öňünde tutmaýan gurama hem maliýe üçin öz ýörelgelerinden ýüz öwürmäge taýýar bolsa, futboly saklap duran esasy güýç bolan janköýerlerde satylan ýaly duýgy galýar.

Iýul aýynda FIFA täjirçilik ugurly golçur kärhanasyny döretmegi we 211 agza assosiasiýanyň ösüş maksatnamalaryny maliýeleşdirmek üçin hususy maýadarlara azlyk paýlaryny satmagy teklip etdi. Teklip edilen FIFA Forward Enterprise (FFE) taslamasy FIFA-nyň täjirçilik hukuklaryny, şol sanda teleýaýlym görkezilişlerini, hemaýatkärlik şertnamalaryny, bilet satuwyny, lisenziýalaşdyrmagy we ýaryşlary guramak işlerini bir gurluşa birleşdirmegi göz öňünde tutýardy. FIFA kompaniýanyň başlangyç bahasyny 20 milliard ABŞ dollary hökmünde kesgitläp, onuň azlyk we dolandyryjylyk hukugyny bermeýän paýlaryny satmak arkaly 4,2 milliard ABŞ dollaryna çenli maýa çekmegi maksat edinýärdi.

1-nji awgustda Janni Infantino UEFA-nyň, birnäçe beýleki yklym konfederasiýalarynyň we FIFA-nyň esasy ýolbaşçylarynyň güýçli garşylygyndan soň FFE taslamasyndan ýüz öwürýändigini mälim etdi. Soňra çarşenbe güni FIFA-nyň wekilleri Marokkoda duşuşyp, bu teklibi ara alyp maslahatlaşdylar we goýberilen ýalňyşlyklary boýun aldylar. Bu barada guramanyň beýanatynda aýdylýar. Beýanatda bellenilişi ýaly, bu iş başgaça alnyp barylmalydy, teklip köpçülikleýin habar beriş serişdelerine syzyp çykandan soň hem birnäçe ýalňyşlyk goýberildi. FIFA Geňeşine we agza assosiasiýalara iberilen aýratyn hatda gurama bu ýalňyşlyklar üçin ötünç sorady hem-de olaryň gaýtalanmazlygyny üpjün etjekdigini wada berdi. Şeýle hem bu waka boýunça içerki barlag geçiriler we onuň netijeleri indiki meýilleşdirilen mejlisde FIFA Geňeşine hödürlener.

Sport syýasaty we sport biznesi boýunça birnäçe kitabyň awtory Kir Radnej futbol boýunça dünýä çempionatyna hususy maýa çekmegiň janköýerleriň isleglerine garşy gelýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, janköýerler köp gezek dünýä çempionatynyň aşa täjirileşdirilmegine garşy çykyş etdiler.

«Şeýle garşylyga garaşmadyk ýeke-täk adam Janni Infantinonyň özi boldy. Ol bu pikiri 211 agza assosiasiýa hödürlese, olaryň hemmesi: "Hawa, elbetde, bize şol pullardan has köp gerek" diýip jogap berer öýdüpdi. Infantinonyň meýilnamasy ýa-da taslamasy – nähili atlandyrsaňyz hem – başa barmaga ýazgyn edildi. Sebäbi adamlar dünýä çempionatynyň täjirileşdirilmeginden howatyrlanýarlar. FIFA täjirçilik maksadyny göz öňünde tutmaýan guramadyr. Dünýäniň dürli künjegindäki janköýerler dünýä çempionaty bilen çuňňur duýgy taýdan bagly we onuň aşa täjirçilik maksady bilen ulanylmagyny halamaýarlar», – diýip Radnej Hytaýyň Ählumumy telewideniýe ulgamy CGTN-e beren söhbetdeşliginde aýtdy

FIFA Forward Enterprise (FFE) teklibi guramanyň taryhyndaky iň uly we şol bir wagtyň özünde iň jedelli taslamalaryň biri boldy. Taslama 20 milliard ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy, çekilmegi meýilleşdirilen serişdeler bolsa ykdysady taýdan pes derejede ösýän ýurtlarda futboly ösdürmäge gönükdirilmelidi. Emma tankytçylar dessine FIFA-nyň iň gymmatly baýlygy bolan dünýä çempionatyna gözegçiligi ýitirmek howpunyň bardygyny nygtadylar. Iň uly konfederasiýa bolan UEFA bu meýilnamany «oýlanyşyksyz» we «howply» diýip atlandyryp, berk beýanat bilen çykyş etdi. Hatda FIFA Geňeşiniň içinde hem bu başlangyja garşy sesler eşidildi. Adatça özüne ynamly çykyş edýän Infantinonyň gysga wagtyň içinde yza çekilmegi garşylygyň nähili güýçlüdigini görkezdi. Marokkodaky duşuşyk ýagdaýy kadalaşdyrmak synanyşygy hökmünde kabul edilse-de, FIFA-nyň ötünç soramagy guramanyň janköýerleriň dünýä çempionatyna bolan duýgy taýdan baglanyşygyny ýeterlik derejede hasaba almandygyny görkezdi. Indi geçiriljek barlag we FIFA Geňeşine hödürlenjek hasabat guramanyň abraýyny gorap saklamaga gönükdirilen ädim hökmünde görülýär. Şeýle-de bolsa, bu waka janköýerleriň aňynda öz yzyny galdyrdy.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, FFE bilen baglanyşykly waka FIFA üçin möhüm sapak boldy: oýnuň ruhy barada gürrüň gidende, hatda şeýle kuwwatly gurama hem janköýerleriň we milli futbol assosiasiýalarynyň erkini äsgermezlik edip bilmez. Dünýä çempionatynyň geljegi bolsa ony diňe girdeji çeşmesi däl-de, eýsem dünýä futbolynyň mirasy hökmünde görýänleriň elinde galar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026