HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 2026-njy ýylda RUDN uniwersitetine resminama tabşyran dalaşgärleriň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi

Awgust 07, 2026 | 10:02 |3135
Türkmenistan 2026-njy ýylyň kabul ediş möwsüminde Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostluk uniwersitetine (RUDN) okuwa girmek üçin resminama tabşyran daşary ýurtly dalaşgärleriň sany boýunça ilkinji üç ýurdyň hataryna girdiTürkmenistan 2026-njy ýylyň kabul ediş möwsüminde Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostluk uniwersitetine (RUDN) okuwa girmek üçin resminama tabşyran daşary ýurtly dalaşgärleriň sany boýunça ilkinji üç ýurdyň hataryna girdi
Çeşme: journs.ru

Türkmenistan 2026-njy ýylyň kabul ediş möwsüminde Russiýanyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostluk uniwersitetine (RUDN) okuwa girmek üçin resminama tabşyran daşary ýurtly dalaşgärleriň sany boýunça ilkinji üç ýurdyň hataryna girdi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň rektory Oleg Ýastrebow kabul ediş toparynyň işiniň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda mälim etdi diýip, TASS agentligi habar berýär.

2026-njy ýylda bu uniwersitetde bilim almaga bolan halkara gyzyklanma rekord derejede artdy. Uniwersitete dünýäniň 136 ýurdundan dalaşgärlerden arzalar gelip gowuşdy. «Rossotrudniçestwo» ugry boýunça döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän orunlara bäsdeşlik her orna üç adamdan hem köp boldy, tölegli esasdaky arzalaryň sany bolsa 1,5 müňden geçdi.

Daşary ýurtly dalaşgärleriň esasy bölegini Hytaý, Türkmenistan we Türkiýe üpjün etdi. Şeýlelikde, Aziýa we GDA ýurtlary umumy dalaşgär sany boýunça öňdebaryjy orunlary eýelediler. Daşary ýurtly talyplaryň arasynda «Bejeriş işi», stomatologiýa, halkara gatnaşyklary, menejment hem-de filologiýa ugurlary iň uly islege eýe boldy.

2026-njy ýylyň kabul ediş möwsüminde RUDN umumylykda takmynan 330 müň arza kabul edip, rekord görkezijä ýetdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 130 müň sany köp boldy. Bakalawr we hünärmen maksatnamalary boýunça döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän orunlar doly dolduryldy. Şeýle hem tehniki we tebigy ylymlar ugurlaryna bolan islegiň iki esse artandygy bellenildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026