HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilelikde ýaşyl we pes uglerodly geljege tarap | HHR-nyň Türkmenistandaky ilçisiniň makalasy

Awgust 06, 2026 | 16:29 |4386
2026-njy ýylyň 17–28-nji awgusty aralygynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň Gatnaşyjylarynyň 17-nji maslahatynyň (UNCCD COP17) mejlisi geçiriler. Bu halkara bileleşiginiň çölleşmek bilen bagly wehimlere garşy göreşmäge bagyşlanan möhüm çäresidir. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine bilelikde garşy durmak, ýaşyl ösüş konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we pes uglerodly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar2026-njy ýylyň 17–28-nji awgusty aralygynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň Gatnaşyjylarynyň 17-nji maslahatynyň (UNCCD COP17) mejlisi geçiriler. Bu halkara bileleşiginiň çölleşmek bilen bagly wehimlere garşy göreşmäge bagyşlanan möhüm çäresidir. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine bilelikde garşy durmak, ýaşyl ösüş konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we pes uglerodly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar
Çeşme: HHR-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan hödürlenildi

2026-njy ýylyň 17–28-nji awgusty aralygynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň Gatnaşyjylarynyň 17-nji maslahatynyň (UNCCD COP17) mejlisi geçiriler. Bu halkara bileleşiginiň çölleşmek bilen bagly wehimlere garşy göreşmäge bagyşlanan möhüm çäresidir. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine bilelikde garşy durmak, ýaşyl ösüş konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we pes uglerodly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar.

Hytaý Hökümeti howanyň üýtgemegine garşy göreşe uly ähmiýet berýär. Ýurt daşky gurşawy goramak babatda aňsat bolmadyk ösüş ýoluny geçdi. Hytaý ozal çynlakaý ekologik meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolupdy: käbir sebitlerde PM2.5 bölejikleriniň ortaça ýyllyk konsentrasiýasy 100 mkg/m³-e golaýlapdy, tokaýlyklaryň paýy bary-ýogy 13 göterime deňdi, çölleşen ýerleriň meýdany her ýyl 10 müň inedördül kilometrden gowrak artýardy, V synpdan pes hilli ýerüsti suwlaryň paýy bolsa 40 göterimden geçýärdi.

Ekologik meseleleri düýpli çözmek maksady bilen Hytaý Hökümeti toplumlaýyn, maksada gönükdirilen we aýgytly çäreleri durmuşa geçirdi. Munuň netijesinde uly üstünlikler gazanyldy. 14-nji bäşýyllyk meýilnamanyň durmuşa geçirilip başlanmagyndan bäri PM2.5 bölejikleriniň ortaça ýyllyk derejesi 28 mkg/m³-e çenli peseldi, I–III synply ýerüsti suwlaryň paýy 91,4 göterime ýetdi, tokaýlyklaryň tutýan meýdany bolsa 25 göterimden geçdi. Häzirki wagtda arassa asman we dury suw hytaý halky üçin kaşaňlyk däl-de, gündelik durmuşyň adaty bölegine öwrüldi. Daşky gurşawyň ýagdaýyndan ilatyň kanagatlanma derejesi yzly-yzyna dördünji ýyl 90 göterimden ýokary saklanýar.

Hytaýyň daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan uly üstünlikleri, ilkinji nobatda, Si Szinpiniň ekologik siwilizasiýa baradaky garaýyşlarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Bu garaýyşlarda adamzadyň bitewi ykbal jemgyýeti konsepsiýasy çuňňur beýan edilýär. Onuň özeni «ýaşyl daglar we dury suwlar tükeniksiz baýlykdyr», ekologiýany goramak bolsa önümçilik kuwwatlaryny goramakdyr diýen ýörelgä esaslanýar.

Ylmy nazaryýetlere we hakyky ýagdaýlara daýanýan bu garaýyşlar dünýäniň durnukly ösüşiniň bähbidine üstünlikli tejribä öwrüldi hem-de bu ugurda hytaý çözgütlerini hödürledi. Hut şu garaýyşlaryň netijesinde Hytaý dünýäde iň uly arassa elektroenergetika ulgamyny we uglerod bazaryny döretdi, daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşde uly üstünlikleri gazandy.

chinese-ambassador-ji-shumin-article-green-low-carbon-future-cop17 (2).png

Uglerod zyňyndylarynyň iň ýokary derejesine ýetmek hem-de uglerod taýdan bitaraplyga ýetmek Si Szinpiniň ekologik siwilizasiýa baradaky garaýyşlarynyň esasy strategik maksatlarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde bu Hytaý Hökümetiniň dünýä beren dabaraly borçnamasydyr. Bu maksatlar 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň iň ýokary derejesine ýetmegi, 2060-njy ýyla çenli bolsa uglerod taýdan bitaraplygy gazanmagy göz öňünde tutýar. Olaryň amala aşyrylmagy Hytaýyň senagat we energetika syýasatynda düýpli özgertmeleriň güýçli hereketlendirijisi bolup hyzmat edýär.

Täze energiýa çeşmelerini ulanýan awtoulaglaryň önümçiliginiň çalt ösmegi Hytaýda-da, bütin dünýäde-de awtoulag senagatynyň gurluşyny üýtgedýär. Ýurduň energetika deňagramlylygynda ýel, Gün we beýleki ekologik taýdan arassa çeşmelerden öndürilýän energiýanyň paýy ep-esli artdy. Çaklamalara görä, Hytaýda uglewodorodlaryň sarp edilişi 15-nji bäşýyllyk döwründe iň ýokary derejesine ýeter. Bu bolsa nebit we tebigy gaz ýaly çig malyň import syýasatyna göni täsir eder.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşawy goramak bütin adamzadyň umumy wezipesidir. Hiç bir ýurt bu ählumumy wehim bilen ýeke özi göreşip bilmez. Diňe dünýä döwletleriniň we halklarynyň tagallalaryny birleşdirmegi arkaly biz bu gaýragoýulmasyz meseläni çözüp, umumy maksadymyza ýetip bileris.

Szi Şumin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026