Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar


SpaceX kompaniýasy tutuş dünýä boýunça göni öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen, täze nesil Starlink Mobile hemralarynyň müňlerçesini uçurmagy meýilleşdirýär.
Bu taslama adaty smartfon eýelerine goşmaça enjam ulanmazdan, hatda Ýeriň iň uzak künjeklerinde hem aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik berer.
SpaceX-iň Kanadanyň aragatnaşyk boýunça edarasyna iberen resminamalaryna görä, mobil internet hyzmaty 2027-nji ýylyň üçünji çärýeginde işe giriziler, sesli jaňlar bolsa birnäçe aýdan soň elýeterli bolar. Kompaniýa 2028-nji ýylyň ahyryna çenli birnäçe müň döwrebaplaşdyrylan hemrany orbita çykaryp, polýar sebitlerini hem öz içine alýan üznüksiz aragatnaşygy üpjün etmegi maksat edinýär.
Häzirki wagtda Starlink Mobile orbital toparynda birinji nesle degişli takmynan 650 hemra bar. Olar esasy derejede habar alyş-çalşyny üpjün edýär. ABŞ-nyň degişli gözegçilik edaralary tarapyndan tassyklanylan ýagdaýynda, ikinji nesil ulgam 15 müň hemra çenli giňeldiler. Hemralary uçurmak üçin agyr derejeli Starship raketasyny ulanmak meýilleşdirilýär.
Ulanyjylar üçin esasy artykmaçlyk maglumatlary 150 Mbit/s tizlige çenli geçirmek mümkinçiligi bolar. SpaceX eýýäm Apple, Samsung we Google ýaly iri elektronika öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Göni 5G öýjükli aragatnaşygyny doly goldaýan smartfonlaryň 2027-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
ORIENT




