HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Awgust 07, 2026 | 15:03 |3148
Häzirki wagtda dünýä syýahatçylyk pudagynda «sport syýahatçylygy» düşünjesi barha meşhurlyga eýe bolýar. Sport möwsüminiň iň möhüm wakasy 23-nji awgustda geçiriljek Bosfor bogazyndan 38-nji yklymara ýüzüş bolarHäzirki wagtda dünýä syýahatçylyk pudagynda «sport syýahatçylygy» düşünjesi barha meşhurlyga eýe bolýar. Sport möwsüminiň iň möhüm wakasy 23-nji awgustda geçiriljek Bosfor bogazyndan 38-nji yklymara ýüzüş bolar
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Häzirki wagtda dünýä syýahatçylyk pudagynda «sport syýahatçylygy» düşünjesi barha meşhurlyga eýe bolýar. Syýahatçylar dynç alyş ugruny saýlanlarynda işjeň dynç almaga we iri halkara sport ýaryşlaryna tomaşa etmäge has köp üns berýärler. Pudaklaýyn hasabatlara görä, soňky bir ýylda sport çäreleri bilen bagly bronlamalaryň möçberi takmynan 37 göterim ýokarlanyp, bu ugra bolan durnukly gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.

Halkara derejeli esasy merkezleriň biri hökmünde Stambul 2026-njy ýylda baý sport senenamasyny hödürleýär. Maý aýynda geçirilen UEFA Ýewropa ligasynyň finalyndan soň, şäher Zenanlaryň arasynda Ýewropa woleýbol çempionatyny, Tour of İstanbul we L’Étape Türkiye welosiped ýaryşlaryny, şeýle hem Prezidentiň halkara ýelkenli regatasyny kabul etmäge taýýarlanýar.

Стамбул-Bosphorus Cross-Continental Swimming Rac

Sport möwsüminiň iň möhüm wakasy 23-nji awgustda geçiriljekBosfor bogazyndan 38-nji yklymara ýüzüş bolar. Açyk suwda ýüzmek boýunça Bütindünýä assosiasiýasy (WOWSA) tarapyndan «Açyk suwda ýüzmek boýunça dünýäniň iň gowy çäresi» diýlip ykrar edilen bu ýaryş her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe türgeni we tomaşaçyny özüne çekýär.

Şu ýyl Aziýa bölegindäki Kanlyja duralgasyndan Ýewropa kenaryndaky Kuruçeşme seýilgähine çenli uzalýan 6,5 kilometrlik aralyga 78 ýurtdan 2 500 ýüzüji gatnaşar. Gatnaşyjylar Bosfor bogazynyň güýçli akymyny geçip, öz fiziki taýýarlygyny synagdan geçirerler. Şeýle-de bolsa, türgenler üçin iň uly höwes Stambulyň özboluşly şäher keşbiniň fonunda Aziýadan Ýewropa ýüzüp geçmek mümkinçiligidir.

İstanbul Galata Tower Night

Stambul köp asyrlyk taryhy mirasy — Keramatly Sofiýa ybadathanasy, Topkapy köşgi we Bazilika sisternasy ýaly taryhy ýadygärlikleri — döwrebap şäher durmuşy hem-de baý gastronomiýa bilen utgaşdyrýandygy üçin her ýyl millionlarça myhmany özüne çekýär. Şäherde iki sany halkara howa menziliniň (İGA Istanbul we Sabiha Gökçen), ösen myhmanhana ulgamynyň bolmagy hem-de iri halkara çärelerini geçirmekdäki baý tejribesi ony dünýä derejesindäki sport we beýleki çäreler üçin amatly merkeze öwürýär.

Стамбул-Kadikoy Pier 1

Stambulyň sport maksatnamasy diňe şu möwsüm bilen çäklenmeýär. Ýakyn ýyllarda şäher Formula 1® Türkiýe Gran-prisi 2027 ýaryşyny we IV Ýewropa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlanýar. Baý medeni mirasy bilen ösen sport infrastrukturasynyň sazlaşygy Stambuly dünýäniň öňdebaryjy sport syýahatçylygy merkezleriniň biri hökmünde berkidýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

03:25 Sentýabr 12, 2026
Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

00:20 Sentýabr 12, 2026
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026