HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

Awgust 06, 2026 | 19:00 |896
Çeşme: orient.tm

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä azyk maksatnamasy (WFP) Owganystanda 14 milliondan gowrak adamyň, ýagny ýurduň ilatynyň takmynan üçden bir böleginiň ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýändigini mälim etdi. Guramanyň bellemegine görä, ýagdaýy gowulandyrmak üçin uly möçberde goşmaça maliýe goldawy zerurdyr. Şeýle-de köp sanly ýaş çaga henizem ýeterlik iýmitlenmezlik howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurduň her üçünji ýaşaýjysy aç ýagdaýda ýatýar, eneler bolsa çagalaryna iň bolmanda bir çemçe şüle hem berip bilmeýärler.

Şol sebäpli bu mesele diňe sanlardan ybarat däl, eýsem millionlarça adamyň ykbaly bilen bagly ynsanperwerlik heläkçiligidir. Onlarça ýyl dowam eden gapma-garşylykly hereketlerden we kynçylyklardan soň, Owganystan indi açlyk howpy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi, azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy we goňşy ýurtlardan mejbury yzyna gaýtarylýan bosgunlaryň sanynyň artmagy ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýar.

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Owganystandaky direktory Jon Aýlifiň aýtmagyna görä, ýurduň 34 welaýatynyň 12-sinde çagalaryň ýeterlik iýmitlenmezliginiň derejesi syn edilip gelinýän döwrüň iň ýokary derejesine ýetdi. Şeýle agyr ýagdaýlaryň 80 göterimi iki ýaşa çenli çagalaryň paýyna düşýär. Onuň sözlerine görä, soňky üç ýylyň dowamynda goňşy ýurtlardan takmynan alty million owganystanly mejbury ýagdaýda yzyna iberildi. Ýurtda olary iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik ýeterlik däl. Şeýle hem Pakistan bilen baglanyşykly dartgynlyk we Ýakyn Gündogardaky krizis söwda zynjyrlaryna täsir edip, esasy azyk önümleriniň bahasynyň 20–30 göterim ýokarlanmagyna sebäp boldy. Netijede, ilatyň garyp gatlagy azyk satyn alyp bilmeýär.

Bütindünýä azyk maksatnamasy BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde ýurduň dürli ýerlerinde bäş ýaşa çenli çagalary, şeýle hem göwreli we emdirýän eneleri bejermek üçin saglyk merkezlerini dolandyrýar. Şeýle-de bolsa, maliýe ýetmezçiligi sebäpli azyk kömegi diňe iň agyr ýagdaýdaky adamlara berilýär. Ýeterlik iýmitlenmezligiň we ösüşiň yza galmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen ýörite iýmit önümleriniň paýlanyşy bolsa 2025-nji ýylyň maý aýyndan bäri doly bes edildi.

Owganystandaky ýagdaý diňe howa şertleri bilen däl, eýsem 2021-nji ýylda häkimiýetiň çalşylmagyndan soň dowam edýän syýasy durnuksyzlyk bilen hem baglanyşykly. Halkara jemgyýetçiligi ynsanperwer kömegini azaltdy, ýurduň daşary ýurtlardaky aktiwleriniň doňdurylmagy bolsa azyk importyny kynlaşdyrdy. BMG-niň maglumatlaryna görä, Owganystanda bäş ýaşa çenli çagalaryň tas ýarysy dowamly ýeterlik iýmitlenmezlikden ejir çekýär. Bu bolsa olaryň beden we akyl taýdan ösüşiniň yza galmagyna getirýär.

Bütindünýä azyk maksatnamasynyň donorlary maliýe goldawyny artdyrmaga birnäçe gezek çagyrsa-da, serişdeleriň möçberi azalýar. Gyşyň golaýlamagy bilen uzak sebitlere kömek ibermegiň has kynlaşjakdygy sebäpli, ýagdaýy düzetmek üçin wagt barha azalýar. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem Owganystanda 17 milliondan gowrak adamyň azyk howpsuzlygy krizisine sezewar bolup biljekdigini belleýär. Şeýle-de bolsa, hut Bütindünýä azyk maksatnamasy 14 million adamyň ýiti açlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada aýratyn duýduryş berdi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Owganystandaky açlyk tebigy betbagtçylyk däl-de, öňüni almaga we duruzmaga mümkin bolan adam eli bilen dörän betbagtçylykdyr. Her bir gijikdirilen gün halas edilip bilinjek adam ömrüniň ýitirilmegine getirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026