Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNESKO Pekine 2029-njy ýylyň Bütindünýä binagärlik paýtagty diýen derejäni berdi

Awgust 06, 2026 | 15:00 |76
Çeşme: orient.tm

ÝUNESKO Pekine 2029-njy ýylyň Bütindünýä binagärlik paýtagty diýen derejäni berdi. Gadymy ybadathanalar bilen döwrebap belent binalaryň bir şäherde sazlaşykly utgaşýan, imperator köşkleriniň innowasion etraplar bilen ýanaşyk ýerleşýän ýerinde binagärlik diňe bir gurluşyk sungaty bolmakdan çykyp, tutuş siwilizasiýanyň taryhyny beýan edýän ýylnama öwrülýär. Üç müň ýyldan gowrak taryhy bolan Pekin 2029-njy ýylyň Bütindünýä binagärlik paýtagty diýen hormatly derejä mynasyp boldy. Bu ykrar diňe bir şäheriň beýik taryhy mirasyna goýlan hormat däl, eýsem durnukly ösüşe gönükdirilen geljege bolan garaýyşdyr. Şäherleriň beton we aýna desgalarynyň köplüginden ejir çekýän häzirki döwürde Pekin sazlaşygyň nusgasyny hödürleýär.

Bu ýerde taryhy miras bilen innowasiýalar, däp-dessurlar bilen häzirki zaman tehnologiýalary, adam bilen tebigat özara deňagramlylykda ýaşap bilýär. 2029-njy ýylyň dowamynda Hytaýyň paýtagty diňe bir halkara kongresleriniň geçirilýän mekany bolman, eýsem binagärlik pikiriniň janly tejribe meýdançasyna öwrüler. Şäheriň her bir etraby özboluşly taryhy we medeni mirasy bilen myhmanlara öz hekaýasyny gürrüň berer.

Çarşenbe güni ÝUNESKO Pekine ÝUNESKO bilen Halkara binagärler assosiasiýasy 2029-njy ýylyň Bütindünýä binagärlik paýtagty diýen derejesiniň berlendigini yglan etdi. Bu çözgüt Bütindünýä binagärlik paýtagtyny saýlamak boýunça bilelikdäki komitetiň maslahatynyň esasynda kabul edildi. ÝUNESKO bilen Halkara binagärler assosiasiýasy tarapyndan bilelikde döredilen «Bütindünýä binagärlik paýtagty» maksatnamasy binagärligiň, şähergurluşyk meýilnamalaşdyrylyşynyň, medeniýetiň we taryhy mirasyň durnukly şäher ösüşini ilerletmekdäki özgerdiji ornuny nygtaýar. Her üç ýyldan bir gezek ÝUNESKO Halkara binagärler assosiasiýasynyň Bütindünýä kongresini kabul edýän şäheri ÝUNESKO–Halkara Binagärler Assosiasiýasynyň Bütindünýä binagärlik paýtagty diýip yglan edýär. Bu derejä ilkinji bolup 2020-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheri mynasyp boldy.

Ondan soň bu ada Kopengagen we Barselona şäherleri eýe boldular. ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, Pekin dünýäniň iň baý binagärlik miraslarynyň birini durnukly şäher ösüşine gönükdirilen öňdengörüjilikli garaýyş bilen utgaşdyrmakdaky ajaýyp ukyby üçin saýlanyp alyndy. «Pekiniň taryhy şäher gurluşy, şäheri dikeltmek boýunça üstünlikli taslamalary hem-de baý binagärlik medeniýeti mirasyň, innowasiýalaryň we jemgyýetçilik durmuşynyň özara sazlaşykda hereket edip, durnukly hem-de ýaşamaga amatly şäherleri döretmäge nähili ýardam edýändigini aýdyň görkezýär» – diýip, ÝUNESKO-nyň metbugat beýanatynda bellenilýär. Metbugat beýanatynda ÝUNESKO-nyň Baş direktory Haled El-Enaniniň sözleri hem getirilýär. Ol Pekiniň ajaýyp binagärlik mirasynyň, şäheriň depginli özgerişleriniň we geljege gönükdirilen garaýşynyň binagärligiň kuwwaty baradaky täze halkara dialog üçin ylham çeşmesi boljakdygyny belledi.

«Deňagramlylyga dolanmak» şygary astynda 2029-njy ýylyň dowamynda Pekinde sergileriň, ylmy maslahatlaryň, bilim forumlarynyň we köpçülikleýin çärelere, şeýle hem Halkara binagärler assosiasiýasynyň Bütindünýä binagärler kongresine giň gerim berler. Bu çäreler binagärligi medeni mirasy gorap saklamagyň, adam bilen tebigatyň sazlaşykly bilelikde ýaşamagyny üpjün etmegiň hem-de durnukly şäher ösüşini ilerletmegiň möhüm hereketlendiriji güýji hökmünde öwrenmek üçin dünýä ähmiýetli meýdança bolup hyzmat eder.

«Bütindünýä binagärlik paýtagty» maksatnamasy 2019-njy ýylda döredildi we gysga wagtyň içinde şähergurluşyk ulgamyndaky iň abraýly halkara ykrarnamalarynyň birine öwrüldi. Pekin bu hormatly ada mynasyp bolan dördünji şäher hem-de Aziýada ilkinji şäher boldy. Hytaýyň paýtagtynyň saýlanmagy ýurduň dünýä binagärlik giňişligindäki ornunyň barha artýandygyny görkezýär. Muňa Gadagan şäher we Týantan ybadathanalary ýaly taryhy ýadygärlikleriň dikeldilmegi bilen bir hatarda, binagär Zaha Hadid tarapyndan taslamaşaşdyrylan Pekiniň Dasin halkara howa menzili ýaly geljege gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.

Şeýle hem şäher «ýaşyl» binalar we durnukly ulag ulgamy babatda häzirki zaman çözgütlerini işjeň ornaşdyrýar. 2008-nji we 2022-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlaryndan galan desgalar bolsa millionlarça ýaşaýjy üçin niýetlenen jemgyýetçilik giňişliklerine öwrülýär. «Deňagramlylyga dolanmak» diýen şygar çalt depginli şäherleşme bilen medeni özboluşlylygy gorap saklamagyň, tehnologik ösüş bilen ekologik jogapkärçiligiň arasynda sazlaşygy gazanmaga bolan ymtylyşy beýan edýär.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Bütindünýä binagärlik paýtagty derejesiniň berilmegi Pekin üçin diňe bir öz gazananlaryny dünýä görkezmäge mümkinçilik bolman, eýsem her bir daşy geçmişiň ýadyny saklaýan, her bir täze taslamasy bolsa geljege gönükdirilen şäher ösüşiniň täze filosofiýasyny dünýä hödürlemek üçin hem möhüm mümkinçilik bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026