HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Awgust 07, 2026 | 15:06 |2296
SpaceX kompaniýasy tutuş dünýä boýunça göni öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen, täze nesil Starlink Mobile hemralarynyň müňlerçesini uçurmagy meýilleşdirýärSpaceX kompaniýasy tutuş dünýä boýunça göni öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen, täze nesil Starlink Mobile hemralarynyň müňlerçesini uçurmagy meýilleşdirýär
Çeşme: pcmag.com

SpaceX kompaniýasy tutuş dünýä boýunça göni öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen, täze nesil Starlink Mobile hemralarynyň müňlerçesini uçurmagy meýilleşdirýär.

Bu taslama adaty smartfon eýelerine goşmaça enjam ulanmazdan, hatda Ýeriň iň uzak künjeklerinde hem aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik berer.

SpaceX-iň Kanadanyň aragatnaşyk boýunça edarasyna iberen resminamalaryna görä, mobil internet hyzmaty 2027-nji ýylyň üçünji çärýeginde işe giriziler, sesli jaňlar bolsa birnäçe aýdan soň elýeterli bolar. Kompaniýa 2028-nji ýylyň ahyryna çenli birnäçe müň döwrebaplaşdyrylan hemrany orbita çykaryp, polýar sebitlerini hem öz içine alýan üznüksiz aragatnaşygy üpjün etmegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda Starlink Mobile orbital toparynda birinji nesle degişli takmynan 650 hemra bar. Olar esasy derejede habar alyş-çalşyny üpjün edýär. ABŞ-nyň degişli gözegçilik edaralary tarapyndan tassyklanylan ýagdaýynda, ikinji nesil ulgam 15 müň hemra çenli giňeldiler. Hemralary uçurmak üçin agyr derejeli Starship raketasyny ulanmak meýilleşdirilýär.

Ulanyjylar üçin esasy artykmaçlyk maglumatlary 150 Mbit/s tizlige çenli geçirmek mümkinçiligi bolar. SpaceX eýýäm Apple, Samsung we Google ýaly iri elektronika öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Göni 5G öýjükli aragatnaşygyny doly goldaýan smartfonlaryň 2027-nji ýylyň ahyrynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026