Aşa yssy bütin dünýäde täze rekordlary goýýar: Günorta Koreýada 42,5°C, Italiýada we ABŞ-da gyzyl derejeli duýduryşlar yglan edildi
Las-Wegasda termometrler 46 gradusy, Günorta Koreýada 42,5 gradusy, Ýaponiýada bolsa 40 gradusy görkezende, Beýik Britaniýanyň meteorologlary 1836-njy ýyldan bäri iň gurak iýul aýynyň hasaba alnandygyny habar berýärler. Şeýle ýagdaýda howa krizisi abstrakt düşünje bolmagyny bes edip, gündelik hakykata öwrülýär. Ýer ýüzüni göni manyda yssy bogýar, yssy tolkunlary bolsa diňe bir sebitde däl, eýsem birbada birnäçe yklymda duýulýar. Ýewropa, Demirgazyk Amerika, Ýakyn Gündogar we Gündogar Aziýa bir bitewi howa synagyndan geçýär. Bu ýerde temperaturanyň her täze derejesi infrastruktura, saglygy goraýyş ulgamyna we adamlaryň çydamlylygyna uly synag bolýar. Ozallar rekord derejedäki yssy seýrek hadysa hasaplansa, indi ol adaty ýagdaýa öwrülýär.
Duşenbe güni Italiýa ýurduň iň iri 27 şäheriniň 25-sinde yssy sebäpli gyzyl derejeli duýduryş yglan etdi. Bu ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilýän iň ýokary duýduryş derejesidir. Ýurduň aglaba böleginde howanyň temperaturasy 40 gradusa golaýlady. Çaklamalara görä, häzirki yssy azyndan anna gününe çenli dowam eder. Saglygy goraýyş edaralary ilaty açyk howada bolmagyny çäklendirmäge, ýokary temperatura we göni Gün şöhleleriniň astynda uzak wagtlap galmazlyga çagyrdy.
Adatdan daşary howa şertleri Beýik Britaniýadaky adaty bolmadyk guraklygy hem aýdyň görkezdi. Meteorologiýa gullugynyň deslapky maglumatlaryna görä, iýul aýynda tutuş ýurt boýunça düşen ygalyň möçberi uzak möhletli ortaça görkezijiniň bary-ýogy 35 göterimine deň boldy. Şeýlelikde, bu iýul gözegçilikleriň taryhyndaky üçünji iň gurak iýul boldy. Günorta Angliýada bolsa bary-ýogy 1,9 millimetr ýagyn düşdi. Bu adaty iýul derejesiniň diňe 3 göterimidir we 1836-njy ýylda hasabatlar alnyp başlanaly bäri iň gurak iýul hökmünde hasaba alyndy.
Yssy boýunça duýduryşlar ABŞ-nyň günbatar sebitleriniň käbir ýerlerinde, şol sanda Kaliforniýa, Arizona, Newada we Ýuta ştatlarynda hem güýjünde galdy. Şenbe güni Las-Wegasda howanyň temperaturasy 46 gradusa ýetdi. Bu şu ýylyň iň ýokary görkezijisi boldy.
Müsür hem güýçli yssynyň täze döwrüne taýýarlanýar. Çaklamalara görä, Nil deltasynda we Uly Kairde gündizki iň ýokary temperatura 41–44 gradus bolar, Ýokarky Müsüriň käbir günorta sebitlerinde bolsa 45 gradusdan hem ýokary galar.
Gündogar Aziýada Günorta Koreýa sişenbe güni ýerli wagt bilen sagat 11:00-da Seul, paýtagty gurşap alýan Kýongi welaýatynyň käbir etraplary hem-de ýurduň günorta-günbataryndaky Günorta Çolla welaýatynyň käbir ýerleri üçin iň ýokary derejeli yssy duýduryşyny güýje girizmelidi.
Bu duýduryş ýekşenbe güni ýurduň günorta-gündogaryndaky Ýansan şäherinde hasaba alnan 42,5 gradus temperatura bilen bagly boldy. Bu 1904-nji ýylda gözegçilikler başlaly bäri Günorta Koreýada hasaba alnan iň ýokary temperatura boldy. Ýansanda howanyň temperaturasy yzly-yzyna bäş günläp 40 gradusdan ýokary boldy.
Ýaponiýa hem duşenbe güni ýurduň günorta-günbataryndaky esasy adasy bolan Kýusuda howanyň temperaturasynyň 40 gradusdan geçendigini habar berdi. Fukuoka prefekturasynyň Dadzaýfu şäherinde 40,2 gradus, Saga şäherinde bolsa 40,1 gradus temperatura hasaba alyndy.
Ýaponiýada ozal hem 21–25-nji iýul aralygynda bäş gün yzly-yzyna 40 gradusdan pes bolmadyk temperatura hasaba alnypdy. Bu 2010-njy ýylda şeýle hasabatlar alnyp başlany bäri iň uzak dowam eden şeýle döwür boldy.
Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň maglumatlaryna görä, aşa yssy iň köp adam pidalaryna sebäp bolýan tebigy hadysalaryň biridir we onuň güýçlenmegi howanyň üýtgemegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Ýewropa ýurtlary şäherleri sowatmak boýunça çäreleri işjeňleşdirýärler. Munuň çäginde «ýaşyl geçelgeleri» döretmek, jemgyýetçilik binalarynda kondisioner ulgamlaryny oturtmak ýaly taslamalar durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de bolsa, bilermenleriň duýdurmagyna görä, häzirki yssy tolkunlary ýakyn onýyllyklarda adaty ýagdaýa öwrülip biler. Olara uýgunlaşmak bolsa diňe tehnologiýalary däl, eýsem millionlarça adamyň adaty durmuş ýörelgesini hem üýtgetmegi talap eder.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, dört yklymy gurşap alan rekord derejedäki yssy howa krizisiniň garaşmaýandygyny nobatdaky gezek görkezdi. Uýgunlaşmaga ýetişip bilmedik ýurtlar adam ýitgileri we milliardlarça dollar bilen ölçelýän ykdysady zyýanlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler.






