HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNISEF Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026» sergisinde bilim beriş seminarlar tapgyryny geçirer

Awgust 05, 2026 | 20:14 |3653
ÝUNISEF 19-22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek KIDS EXPO 2026 sergisinde çagalaryň saglygy we ösüşi boýunça birnäçe okuw maslahatlaryny geçirer. Maksatnama iýmitlenmegi, idegi we oňyn ene-ata terbiýesini öz içine alarÝUNISEF 19-22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek KIDS EXPO 2026 sergisinde çagalaryň saglygy we ösüşi boýunça birnäçe okuw maslahatlaryny geçirer. Maksatnama iýmitlenmegi, idegi we oňyn ene-ata terbiýesini öz içine alar
Çeşme: orient.tm

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) 19–22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde bilim beriş meýdançasyny açar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» kompaniýasy tarapyndan guralýar.

ÝUNISEF-iň ýörite maksatnamasy serginiň işewürlik maksatnamasynyň düzümine giriziler we çagalaryň saglygy, dogry iýmitlenişi hem-de irki ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meselelere bagyşlanar. Gaznanyň bilermenleri we halkara geňeşçileri ene-atalar, lukmançylyk işgärleri hem-de mugallymlar üçin interaktiw seminarlary geçirerler.

Seminarlarda esasy üns çaganyň durmuşynyň ilkinji 1000 gününe gönükdiriler. Bu döwür çaganyň geljekki saglygyny we ösüşini kesgitleýän iň möhüm tapgyr hasaplanýar. Diňleýjilere ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, goşmaça iýmitleri dogry bermek, deňagramly iýmitlenişi guramak, oňyn ene-atalyk usullary, irki ýaşda beýniniň ösüşini höweslendirmek, gyssagly lukmançylyk kömegini talap edýän alamatlary wagtynda tanamak barada amaly maslahatlar berler.

ÝUNISEF-iň bilim maksatnamasy KIDS EXPO 2026-nyň iş maksatnamasynyň bir bölegi bolmak bilen döwlet edaralarynyň, bilermenler jemgyýetiniň we işewür toparlaryň wekillerini çagalary goramak ulgamynda iň gowy halkara tejribelerini paýlaşmak üçin birleşdirer.

Serginiň guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin:

• E-mail: contact@turkmenexpo.com

• Telefonlar: +993 71 87-18-12, +993 63 50-15-51

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026