Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy


4-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M. Seýitmämmedow Doha şäherinde ýerleşýän Qatar Charity haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary Mohammed Ali Al-Ghamdi bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň daşary we içerki syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda milli gymmatlyklary we däp-dessurlary gorap saklamak, ynsanperwer ýörelgelerini dowam etdirmek bilen bagly tagallalar barada gürrüň berdi.
Aýratyn hem, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýokary derejede guralýan halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem ýurdumyzda haýyr-sahawat işine aýratyn üns berilip, ýurdumyz tarapyndan goňşy döwletlerine we beýleki ýurtlara gumanitar ýükler iberilip, tebigy betbagtçylyga duçar bolan mätäç adamlara we çagalara yzygiderli ýardam berilýändigi barada habar berdi. Aýratyn hem Arkadag şäherinde ýerleşen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr - sahawat gaznasy tarapyndan çagalaryň saglygyny dikeltmek, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda mätäçlere derman-serişdelerini hem-de ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça giň möçberli işleriň alynyp barylýandygyny nygtady.
Mandan başga-da duşuşykda Qatar Charity guramasynyň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy hem-de gelejekde ynsanperwer ulgamynda degişli edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.




