ÝUNISEF Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026» sergisinde bilim beriş seminarlar tapgyryny geçirer


Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) 19–22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek «KIDS EXPO 2026: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde bilim beriş meýdançasyny açar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmen Expo» kompaniýasy tarapyndan guralýar.
ÝUNISEF-iň ýörite maksatnamasy serginiň işewürlik maksatnamasynyň düzümine giriziler we çagalaryň saglygy, dogry iýmitlenişi hem-de irki ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meselelere bagyşlanar. Gaznanyň bilermenleri we halkara geňeşçileri ene-atalar, lukmançylyk işgärleri hem-de mugallymlar üçin interaktiw seminarlary geçirerler.
Seminarlarda esasy üns çaganyň durmuşynyň ilkinji 1000 gününe gönükdiriler. Bu döwür çaganyň geljekki saglygyny we ösüşini kesgitleýän iň möhüm tapgyr hasaplanýar. Diňleýjilere ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti, goşmaça iýmitleri dogry bermek, deňagramly iýmitlenişi guramak, oňyn ene-atalyk usullary, irki ýaşda beýniniň ösüşini höweslendirmek, gyssagly lukmançylyk kömegini talap edýän alamatlary wagtynda tanamak barada amaly maslahatlar berler.
ÝUNISEF-iň bilim maksatnamasy KIDS EXPO 2026-nyň iş maksatnamasynyň bir bölegi bolmak bilen döwlet edaralarynyň, bilermenler jemgyýetiniň we işewür toparlaryň wekillerini çagalary goramak ulgamynda iň gowy halkara tejribelerini paýlaşmak üçin birleşdirer.
Serginiň guramaçylyk topary bilen habarlaşmak üçin:
• E-mail: contact@turkmenexpo.com
• Telefonlar: +993 71 87-18-12, +993 63 50-15-51








