HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmä badalga berildi

Awgust 04, 2026 | 00:21 |2820
Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildiTürkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi. Aşgabadyň başlangyjy esasynda hödürlenen resminama şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Taslamanyň awtordaşlary bolup 78 döwlet çykyş etdi.

Maslahata diplomatlar, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň alymlary, mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy netijesi başlangyjy diplomatik derejede goldamak tapgyryndan ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek tapgyryna geçilmegi boldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow oňa gatnaşyjylary döwlet Baştutany tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde makullanan çäreleriň toplumyny yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Başlanan işler iki esasy resminamanyň — 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň hem-de «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýanyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyny öz içine alýar. Bu resminamalar hukuk ugrundaky ylmy barlaglary amaly diplomatiýa bilen utgaşdyrmaga, şeýle hem ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyndaky kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026