Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar


Halkara bilermenler we dilçiler dünýäde iň owadan söz hökmünde maori dilindäki «kaitiakitanga» sözüni ykrar etdiler. Bu söz Täze Zelandiýanyň ýerli halkynyň medeniýetinden gelip çykyp, «tebigat baradaky alada boýunça mukaddes borç we jogapkärçilik» diýen manyny berýär.
Barlag halkara bilim platformasy tarapyndan geçirilip, dünýäniň 75 dilinden alnan 223 sany täsin söz seljerildi. Bilermenler toparynyň düzümine dilçiler, ýazyjylar we medeniýet boýunça hünärmenler girdi. Sözler dört esasy ölçeg boýunça bahalandyryldy: owazynyň sazlaşygy, manysynyň çuňlugy, seýrek duş gelmegi we medeni gymmaty.
Ýeňiji hökmünde «kaitiakitanga» sözi saýlandy, sebäbi onuň dünýäniň köp dillerinde göni meňzeşi ýokdur we ol häzirki döwrüň iň möhüm gymmatlyklarynyň biri bolan geljekki nesilleriň bähbidi üçin tebigaty goramak düşünjesini özünde jemleýär.
Iň owadan sözleriň ilkinji onlugyna aşakdakylar hem girdi:
• Ikigai (ýapon dili) — adamyň durmuşdaky maksadyna we ýaşaýşyň manysyna düşünmegi;
• Kinsugi (ýapon dili) — döwlen keramika önümlerini altyn lak bilen dikeltmegiň däp bolan sungaty;
• Yakamoz (türk dili) — suwuň ýüzündäki Aý şöhlesiniň kümüşsöw öwüşgini;
• Mamihlapinatapai (ýagan dili) — iki adamyň biri-birinden ilkinji ädimi etmegine garaşyp alyşýan manyly nazary.
Taslamanyň awtorlarynyň bellemegine görä, şeýle täsin sözler dürli halklaryň dünýägaraýşyna we esasy gymmatlyklaryna has gowy düşünmäge ýardam edýär.
ORIENT






