HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Awgust 04, 2026 | 17:41 |2149
Azerbaýjanda geçirilýän iri GabalaFest festiwalynyň çäginde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldyAzerbaýjanda geçirilýän iri GabalaFest festiwalynyň çäginde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy
Çeşme: azertag.az

Azerbaýjanda geçirilýän iri GabalaFest festiwalynyň çäginde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy. Taslama Türkmenistan, Azerbaýjan, Hytaý, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe we Özbegistan bilen birlikde jemi 11 ýurtdan meşhur suratkeşleri, heýkeltaraşlary we foto suratçylary bir ýere jemledi.

Serginiň esasy maksady dürli medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmekden ybaratdyr. Ekspozisiýada 30-dan gowrak tanymal suratkeşiň we heýkeltaraşyň eserleri görkezilýär.

Gatnaşyjylaryň arasynda öz döredijiligini halkara giňişliginde tanyşdyran türkmen suratkeşi Gahryman Goçmyradow hem bar. Sergä gelýänler häzirki zaman sungatynyň täsirli nusgalaryny, gadymy Ýüpek ýolundan ylham alan eserleri, ekologik heýkelleri we grafika işlerini synlap bilýärler.

Maksatnamada myhmanlaryň hem sungat eserleriniň awtordaşyna öwrülip bilýän interaktiw installaýasiýalary aýratyn orun eýeleýär. Mysal üçin, «Synlar daragty» atly installaýasiýada her bir adam planetanyň geljegi baradaky pikirlerini we arzuwlaryny ýazyp biler. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda strit-art, graffiti, keramika nagyşlary, dioramalary döretmek we peýzaž suratkeşligi boýunça ussatlyk sapaklary geçirilýär.

Gabala şäherinde geçirilen ilkinji halkara sungat sergisiniň kuratory britaniýaly sungat taryhçysy we BBC teleýaýlymynyň alyp baryjysy Rut Millington boldy. Onuň sözlerine görä, bir ýere jemlenen eserler medeniýetleriň çatrygynda dörän täsin wakalary beýan edýär hem-de sungatyň adamlary birleşdirýän beýik güýjüni ýatladýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026