Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Microsoft Xbox konsollarynyň bahalaryny ýokarlandyrdy we tygşytlamagyň täze usullaryny hödürledi

Awgust 04, 2026 | 17:29 |882
Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Xbox oýun konsollarynyň bahalarynyň dünýä boýunça ýokarlandyrylandygyny yglan etdiMicrosoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Xbox oýun konsollarynyň bahalarynyň dünýä boýunça ýokarlandyrylandygyny yglan etdi
Çeşme: overclockers.ru

Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Xbox oýun konsollarynyň bahalarynyň dünýä boýunça ýokarlandyrylandygyny yglan etdi. 512 GB ýat tutumly modelleriň bahasy 100 ABŞ dollaryna, 1 TB görnüşleriniň bahasy bolsa 150 ABŞ dollaryna ýokarlandy. Mundan başga-da, kompaniýa 2 TB ýatly Xbox konsollarynyň önümçiligini doly bes edýär.

Bu çözgüdiň esasy sebäbi hökmünde toplum bölekleriniň bahasynyň düýpli gymmatlamagy görkezilýär. Operatiw ýadyň (RAM) we maglumat saklaýjy enjamlaryň bahasy 2,5 esse-den gowrak ýokarlandy, bilermenler bolsa bu ugurda bahalaryň mundan beýläk hem artmagyna garaşýarlar.

Bahalaryň ýokarlanmagynyň täsirini ýeňilleşdirmek we satyn almagy has elýeterli etmek maksady bilen Microsoft alyjylar üçin birnäçe amatly mümkinçilikleri hödürledi:

• Göterimsiz bölekleýin töleg: resmi dükanlarda harydy bölekleýin töleg bilen satyn almak ýa-da hyzmatdaş maliýe guramalary arkaly 12 aýa çenli göterimsiz maliýeleşdirmek mümkinçiligi.

• Has elýeterli alternatiwa: ulanylan ýa-da resmi taýdan täzeden dikeldilen Xbox konsollaryny esasy bahadan 100 ABŞ dollaryna çenli arzanladyş bilen satyn almak mümkinçiligi.

Mundan başga-da, birnäçe oýun platformasyny ulanýan oýunçylara goşmaça mümkinçilik garaşýar. Ubisoft bilen täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde Xbox üçin kesgitlenen oýunlary satyn alan ulanyjylar, şol oýunlaryň PC wersiýasyny Ubisoft Connect hyzmatynda mugt alyp bilerler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026