Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar
Ispaniýa degişli Demirgazyk Afrikadaky Seuta anklawyna köpçülikleýin gelen migrantlaryň akymy gysga wagtyň içinde ters ugra öwrüldi. Serhedi geçen on müňlerçe adam indi Marokka dolanyp barýar.
Has gowy durmuş baradaky umyt serhet diwarlaryna we deňiz tolkunlaryna çakyşanda, ynsan betbagtçylygy sanlara we statistika öwrülýär. Düýn müňlerçe adam Ýewropa ýetmek umydy bilen serhedi geçmäge synanyşan bolsa, bu gün olar amala aşmadyk arzuwlaryny we ýakynlaryny ýitirmegiň agyrysyny yzda galdyryp, yzlaryna dolanýarlar. Afrikanyň kenaryndaky Ispaniýa degişli kiçijik sebit bolan Seuta migrasiýanyň diňe bir syýasy mesele däl-de, eýsem has gowy ýaşaýyş ugrunda janyny howp astyna goýýan adamlaryň ykbaly bilen baglanyşyklydygyny ýene bir gezek görkezdi.
Tarahal serhet-geçelgesinden her birnäçe minutdan ýüzlerçe migrant geçýär. Ýewropa topragyna ýetmegiň ilkinji şatlygy tiz wagtda umytsyzlyga öwrüldi. Soňky köpçülikleýin akym wagtynda 50 müňden gowrak migrant bikanun Seuta girdi. Olaryň köpüsi Tarahal serhedini deňiz arkaly aýlanyp geçmäge ýa-da elde ýasalan halas ediş penjeklerini ulanmaga synanyşdy.
Serhetden geçilýän wagtynda azyndan 67 adam heläk boldy. Gözleg-halas ediş işleri dowam etdirilýändigi sebäpli bu sanynyň artmagyna garaşylýar. 1-nji awgusta çenli 48 müňden gowrak migrant Marokka gaýdyp bardy. Seuta üçin hereket edýän ýörite Şengen düzgünlerine laýyklykda, olaryň hiç birine Ispaniýanyň yklym bölegine geçmäge rugsat berilmedi. Häkimiýetler serhetdäki basyşyň ep-esli azalandygyny mälim etdiler.
Şondan soň Ispaniýa howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, uzynlygy 500 metre ýetýän ýüzýän deňiz päsgelçiligini gurdy. Bu päsgelçilik migrantlaryň gury ýer serhet gözegçiligini deňiz arkaly aýlanyp geçmeginiň öňüni almak üçin niýetlenendir.
Şol bir wagtyň özünde Madrid bilen Rabat migrantlary yzyna gaýtarmak, hukuk goraýjy edaralaryň hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi. Marokkanyň häkimiýetleri köpçülikleýin serhet geçişi bilen baglanyşykly zorluklara gatnaşmakda ýa-da olary guramakda güman edilýän 70 adamyň tussag edilendigini habar berdiler.
Seuta Melilýa bilen birlikde Demirgazyk Afrikadaky Ispaniýanyň iki eksklawynyň biridir. Geografik taýdan Afrikada ýerleşse-de, ol Ýewropa Bileleşiginiň daşarky serhediniň bir bölegi hasaplanýar. Şonuň üçin bu sebit uzak ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň iň duýgur migrasiýa nokatlarynyň biri bolup gelýär.
Soňky ýyllarda Ispaniýa bilen Marokko serhet gözegçiligi, migrantlary yzyna gaýtarmak, adam söwdasyna we bikanun migrant geçirýän toparlara garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyny giňeltdi. Häzirki migrasiýa çökgünligi soňky on ýylyň iň ulusy bolup, Ýewropa Bileleşiginiň umumy migrasiýa syýasatyny özgertmek meselesini ýene-de gün tertibine çykardy. Bu ýagdaý bir ýurduň daşarky serhediniň tutuş bileleşigiň meselesine öwrülýändigini görkezýär.
"CCTV+"-niň habaryna görä, Seutada migrant akymynyň gysga wagtyň içinde yzyna dolanmak bilen çalyşmagy, iň berk serhet çäreleriniň hem migrasiýanyň düýp sebäplerini çözüp bilmeýändigini, diňe dartgynlylygy başga ýere geçirýändigini görkezýär. Sebäbi köp adamlar has gowy durmuş baradaky umyt ugrunda henizem ähli zady töwekgelçilige salmaga taýýar.




