Türkiýe 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 25 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi


Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý 31-nji iýulda Stambul şäherinde geçirilen metbugat maslahatynda 2026-njy ýylyň ilkinji ýarymynda ýurduň syýahatçylyk pudagynyň netijelerini mälim etdi.

2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda Türkiýä 25,8 million daşary ýurtly syýahatçy geldi. Şol bir wagtyň özünde syýahatçylykdan alnan girdeji geçen ýylyň derejesinde saklanyp, 25,8 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.
Russiýadan gelen syýahatçylaryň sany 2,65 milliona golaýlap, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 göterim artdy.

Metbugat maslahatynda çykyş eden ministr Mehmet Nuri Ersoý şeýle diýdi: «Ýakyn Gündogardaky sebit dartgynlylygy we dünýä derejesindäki näbellilik 2026-njy ýylyň ilkinji ýarymynda syýahatçylyga bolan islege täsir etdi. Türkiýe bu gapma-garşylyga gatnaşmaýar, ähli howa gatnawlarymyz we howa menzillerimiz bolsa kadaly işlemegini dowam etdirýär. Şeýle-de bolsa, Ýakyn Gündogaryň howa giňişliginiň ýapylmagy syýahatçylaryň isleginiň az-kem peselmegine getirdi. 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyza 26,4 million syýahatçy geldi, şu ýylyň degişli döwründe bolsa bu görkeziji 25,8 million boldy.
Biz ýylyň ikinji ýarymyna ynamly gadam basdyk we häzirki çaklamalar ýylyň ahyryna çenli görkezijileriň ep-esli gowulanjagyny görkezýär. Durmuşa geçirilýän strategik başlangyçlaryň netijesinde syýahatçylykdan alnan girdejini 2025-nji ýylyň derejesinde saklamagy başardyk. Birinji ýarymyň jemleri boýunça bu görkeziji 25,8 milliard ABŞ dollaryna deň boldy».

Türkiýede syýahatçylaryň ortaça bolýan möhleti 0,5 göterim artyp, 10,01 gijä ýetdi. Bir gijä düşýän ortaça çykdajy bolsa 2,6 göterim ýokarlanyp, 109 ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkiýä iň köp syýahatçy iberýän üç esasy ýurt üýtgemedi:
• Russiýa Federasiýasy — 2,65 million syýahatçy;
• Germaniýa — 2,44 million syýahatçy;
• Beýik Britaniýa — 1,58 million syýahatçy.
ORIENT





