HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Awgust 02, 2026 | 23:35 |757
Çeşme: orient.tm

Ýewropa Bileleşigi sişenbe güni Demirgazyk Afrikadaky Ispaniýanyň anklawy bolan Seutada migrantlaryň köpçülikleýin gelmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary wideoaragatnaşyk maslahatyny geçirer. Bu barada şenbe güni Italiýanyň ANSA habarlar agentligi habar berdi.

Ýüzlerçe adam serhet germewlerini aşmaga synanyşýan, heläk bolanlaryň jesetleri bolsa habar beriş serişdelerindäki statistikanyň bir bölegine öwrülýän mahaly, Ýewropa ýene-de özüniň yglan edýän gymmatlyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Afrikanyň kenaryndaky kiçijik ispan anklawy bolan Seuta Ýewropa Bileleşiginiň içindäki öňki ýaralary we täze gapma-garşylyklary açyp görkezýän migrasiýa tupanynyň merkezine öwrüldi. Bir tarapdan ynsanperwer borç we agzybirlik, beýleki tarapdan bolsa migrantlaryň köpçülikleýin gelmeginden alada we daşarky serhetleri goramak meselesi bar. 22 ýurt utgaşdyrylan çäreleri talap edip, Ispaniýa bolsa goňşy döwletleri egoizmde aýyplanda, migrasiýanyň Ýewropa taslamasynyň iň agyr meseleleriniň biri bolmagynda galýandygy, umumy beýannamalaryň milli bähbitleriň öňünde köplenç güýjüni ýitirýändigi aýdyň görünýär.

ÝB-niň Geňeşine rotasiýa esasynda başlyklyk edýän Irlandiýanyň Premýer-ministri Mişel Martin Ispaniýanyň ýüzlenmesinden we Italiýa hem-de Daniýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 22 ýurduň başlangyjyndan soň duşuşygyň geçiriljekdigini mälim etdi. Bu ýurtlar migrasiýa krizisine Ýewropa derejesinde utgaşdyrylan jogap berilmegine çagyrdylar.

Italiýanyň hökümetiniň beýannamasynda bellenilişi ýaly, şenbe güni Italiýa bilen Daniýa ÝB-niň Seutadaky daşarky serhedinde bolup geçen soňky wakalara utgaşdyrylan Ýewropa jogabyny taýýarlamak baradaky bilelikdäki başlangyja ýolbaşçylyk etdiler. Ýewropa ýurtlarynyň 22 döwlet we hökümet Baştutany tarapyndan gol çekilen hat ÝB-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna ugradyldy. Onda Seutadaky ýagdaý bilen bagly «çynlakaý aladanyň» bardygy beýan edilýär hem-de serhetden bikanun we gözegçiliksiz geçişleriň öňüni almagyň, migrantlary bikanun daşamak bilen meşgullanýan torlara garşy göreşmegiň, täze bikanun geçişleri höweslendirýän ähli sebäpleri aradan aýyrmagyň we Ýewropa derejesinde bitewi hem täsirli jogaby üpjün etmegiň zerurdygy nygtalýar.

Şol gün Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes hem Seutadaky soňky migrasiýa krizisine garşy umumy çäreleri utgaşdyrmak üçin ÝB-ni nobatdan daşary maslahat çagyrmaga çagyrdy. Şol bir wagtyň özünde ol özün8ň aýtmagyna görä, käbir agza döwletleriň «egoistik» çemeleşmesini tankyt etdi.

Sançesiň aýtmagyna görä, takmynan 50 müň migrant Seuta bikanun girdi. Şeýle-de bolsa, Ispaniýa 48 sagatdan hem az wagtyň içinde serhetdäki gözegçiligi gaýtadan dikeltmegi başardy, ynsanperwer kömegini berdi, serhetden bikanun geçenleriň hemmesini diýen ýaly yzyna gaýtardy we olaryň Ýewropanyň materik bölegine rugsatsyz geçmeginiň öňüni aldy.

Ol bu netijeleriň Marokkonyň häkimiýetleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň hem-de ÝB-niň beýleki agza döwletleriniň goldawynyň netijesinde gazanylandygyny aýtdy. Şeýle hem Sançes Ispaniýanyň köp ýyllardan bäri alyp barýan migrasiýa syýasatynyň ýurdy ÝB-niň iň ygtybarly daşarky serhetleriniň birine öwürendigini belledi.

Mundan başga-da, Sançes ÝB ýurtlarynyň hökümetleriniň köpüsiniň Ispaniýa bilen raýdaşlygyny bildirip, kömek bermäge taýýardygyny, emma käbir döwletleriň bolsa «Ispaniýa hüjüm etmegi» we ony wagtlaýynça Şengen zolagyndan çykarmagy teklip edendigini aýtdy.

Soňky wakalar soňky ýyllarda Ispaniýanyň günorta serhedinde bolup geçen iň iri bikanun migrasiýa hadysalarynyň birinden soň ýüze çykdy. Ispaniýanyň hökümetiniň maglumatlaryna görä, krizisiň dowamynda azyndan 67 adam heläk boldy, Seuta gelen 50 müňe golaý migrantyň 48 müňden gowragy bolsa goňşy Marokka dolandy.

Bu waka Ýewropanyň migrasiýa syýasatyny gaýtadan gözden geçirmek we jogapkärçiligi ÝB-niň agza döwletleriniň arasynda paýlamak baradaky meseleleri ýene-de gün tertibine çykardy. Ispaniýa daşarky serhetleriň diňe serhetýaka döwletleriň hasabyna däl-de, ähli agza ýurtlaryň bilelikde goramagy bilen üpjün edilmelidigini hem-de ynsanperwer kömegiň syýasy aýyplamalar bilen çalşyrylmaly däldigini nygtaýar.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, sişenbe güni geçiriljek wideoaragatnaşyk maslahaty Ýewropanyň agzybirligi üçin möhüm synag bolar. Onuň netijeleri Ýewropa Bileleşiginiň migrasiýa bilen bagly häzirki we geljekdäki kynçylyklara garşy bitewi çemeleşmäni işläp düzüp biljekdigini ýa-da içerki pikir tapawutlarynyň, tejribäniň görkezişi ýaly gutulgysyz täze migrasiýa tolkunlarynyň öňünde onuň mümkinçiliklerini gowşatjakdygyny görkezer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026