Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi
Ýakyn Gündogaryň kartasynda sebitdäki gapma-garşylyklaryň düwünleri has-da çylşyrymlaşýan, Ormuz bogazy bolsa geosyýasy bäsdeşligiň meýdanyna öwrülen şertlerde, “gara altyn” üçin döredilýän her täze ugur strategik ähmiýete eýe bolýar. Ykdysadyýetiniň 90 göterimi nebit eksportyna daýanýan Yrak diňe bir çig nebiti akdyrmak üçin turbageçirijini däl, eýsem dartgynly sebitlerden aýlanyp geçmäge ukyply ygtybarly energetika arteriýasyny gözleýär. Türkiýe bolsa, öz gezeginde, Gündogar bilen Günbataryň arasynda energetika köprüsi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Şenbe güni gol çekilen bir ýyllyk ylalaşyk diňe bir nebit iberilişiniň täzeden ýola goýulmagy däl, eýsem her bir barreliň hem bereket, hem-de syýasy gural bolup bilýän sebitinde durnuklylygyň täze sütünini döretmek synanyşygydyr.
Şenbe güni Yrak Yrak–Türkiýe nebit geçirijisi arkaly yrak nebitini Türkiýäniň Jeýhan portuna daşamak we ýüklemek boýunça möhleti bir ýyl bolan ylalaşyga gol çekdi. Bu barada Yragyň Nebit ministrligi habar berdi. Ylalaşyga laýyklykda, Yrak bu geçiriji arkaly günde azyndan 750 müň barrel nebit eksport eder. Bu barada Yragyň nebit ministri Basim Mohammed Hudaýr ministrligiň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýannamada aýtdy.
Yragyň Premýer-ministri Ali az-Zaidi X sosial ulgamyndaky sahypasynda şeýle diýdi: «Yragyň we Türkiýäniň kompaniýalary bu ylalaşygy amala aşyrmaga başlarlar. Iki ýurduň hökümetleri bolsa nebit, elektroenergetika we suw hojalygy pudaklaryny, şeýle hem umumy bähbitlerimize hyzmat edýän we ösüşi hem-de durnuklylygy goldaýan beýleki hyzmatdaşlyk ugurlaryny öz içine alýan giň gerimli çarçuwaly ylalaşygy tamamlamak üçin ünsli meýilleşdirilen işiň çäklerinde öňe ilerlemegi dowam etdirerler».
Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem X sosial ulgamynda çykyş edip, dünýäniň nebit bazarlarynda bolup geçýän wakalaryň fonunda Yrak nebitiniň Jeýhan arkaly dünýä bazarlaryna ygtybarly we üznüksiz ýetirilmegini üpjün edýän bu geçirijiniň sebit hem-de dünýä energetika howpsuzlygy nukdaýnazaryndan öňküsinden has strategik ähmiýete eýedigini aýtdy.
Bu ylalaşyk duşenbe güni Yrak nebitiniň Jeýhan arkaly eksportyny düzgünleşdirýän köpýyllyk şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň gazanyldy. Bagdat sebitdäki dowam edýän dartgynlylygyň Ormuz bogazyndaky gämi gatnawyna täsir ýetirýän şertlerinde eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek üçin alternatiw ýollary üpjün etmäge çalyşýar. Yragyň ykdysadyýeti esasan çig nebit eksportyna daýanýar we ol ýurduň girdejileriniň takmynan 90 göterimini emele getirýär.
Täze şertlerde geçirijiniň işiniň täzeden ýola goýulmagy Yragyň gowşak deňiz ugurlaryna garaşlylygyny azaltmaga we halkara alyjylara goşmaça ygtybarlylyk kepilliklerini bermäge mümkinçilik döredýär. Türkiýe üçin bolsa bu ylalaşyk Jeýhan portuny Hazar we Ýakyn Gündogar nebitiniň esasy logistika merkezleriniň biri hökmünde has-da pugtalandyrýar hem-de Ankaranyň sebitiň energetika arhitekturasyndaky täsirini güýçlendirýär.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, bu bir ýyllyk şertnama Bagdat bilen Ankaranyň arasynda has giň gerimli strategik gepleşikler üçin täze mümkinçilikleri açýar. Çarçuwaly ylalaşyk boýunça dowam etdiriljek gepleşikler diňe bir nebit däl, eýsem tutuş Ýakyn Gündogar üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan suw serişdeleri bilen baglanyşykly meseleleri hem öz içine alyp biler.





