Ders olimpiadalaryndaky ýeňişleriň aňyrsynda näme dur?


Halkara ders olimpiadasynda gazanylan bir bürünç medalyň hakyky gymmaty näçe?
Eger ony metalyň gramy bilen däl-de, ynsan zähmeti bilen ölçeseň, onuň bahasy örän ulydyr. Onuň aňyrsynda ýüzlerçe sagatlap dowam eden yzygiderli taýýarlyk, ýaryş başlamazyndan öňki tolgunmalar, ene-atalaryň hem mugallymlaryň aladalary, iň esasysy bolsa, çaganyň gaýta-gaýta özüni ýeňip geçmek ukyby durýar. Sebäbi hakyky üstünlik hiç wagt tötänden gelmeýär.
Şonuň üçin hem türkmen okuwçylarynyň Baku şäherinde geçirilen “Turkic International Mathematical Olympiad” (TIMO 2026) halkara matematika olimpiadasynda gazanan netijelerine diňe bir nobatdaky resmi habar hökmünde däl-de, eýsem ruhubelentligiň, zähmetsöýerligiň, tertip-düzgüniň we häsiýetiň kemala gelmeginiň täsirli mysaly hökmünde garamak isleýäris.
Bakuda ýaş zehinleriň bäsleşigi nähilli geçdi
2–6-njy iýul aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýaş matematik zehinler jemlendi. “TIMO 2026” halkara olimpiadasyna Russiýa, Türkiýe, Hindistan, Filippinler, Kosowo, Bolgariýa, Albaniýa, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň okuwçylary gatnaşdy.
Bu intellektual bäsleşik hünärmenleriň arasynda özboluşly we çylşyrymly meseleleri bilen tanalýar. Mekdep maksatnamasynda köplenç taýýar formulalary we nusgalyk usullary ulanmak ýeterlik bolsa, bu olimpiadada gatnaşyjylaryň logiki pikirlenişi, giň gözýetimi, döredijilikli çemeleşmesi we gysga wagtda kyn meseleleriň çözgüdini tapmak başarnygy synagdan geçirilýär.
Türkmenistanyň topary bu abraýly bäsleşikde ýokary derejede çykyş edip, dört resmi baýraga mynasyp boldy. Şolaryň arasynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýhan Orazdurdyýew 100 mümkin bolan utukdan 80 utuk toplap, öz ýaş toparyndaky 56 gatnaşyjynyň arasynda bürünç medala eýe boldy.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Alymuhammet Orazow 54 gatnaşyjynyň arasynda 64 utuk toplap, üstünlikli çykyş etdi. Mary şäherinden gatnaşan Aýjeren Muhammetnazarowa we Gülşat Muhammetnazarowa baýrakly orunlara girip bilmese-de, ýokary netije görkezendikleri üçin eminler tarapyndan “Honorable Mention” diýen sylag bilen sylaglandylar.
Türkmenistanyň adyndan “Bilimli Kent” guramasy TIMO olimpiadasynyň resmi wekili bolup çykyş etdi we toparyň taýýarlygyny hem-de utgaşdyrylyşyny üpjün etdi.
Bu ýerde aýratyn üns bermeli bir ýagdaý bar: 100 utukdan 80 utuk toplamak diňe bürünç medal almaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa bäsleşigiň örän ýokary derejede geçendigini we gatnaşyjylaryň netijeleriniň biri-birine juda ýakyn bolandygyny görkezýär.
Her netijäniň aňyrsynda häsiýet durýar
Jemleýji teswirnamadaky her setiriň aňyrsynda öz arzuwlary, umytlary, aladalary we gorkulary bolan hakyky çagalar dur.
Aýhan Orazdurdyýew ýaşyna garamazdan uly kämillik we takyk ylymlara bolan ukybyny görkezdi. On ýaş çagalaryň köpüsi tomus dynç alyşyndan lezzet alýan wagtynda, ol yzygiderli taýýarlygy we özüni ösdürmegi saýlap aldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 56 deň-duşy bilen bäsleşip, 80 utuk gazanmagy onuň zähmetiniň, tertipliliginiň we iň jogapkär pursatda ünsüni jemläp bilmeginiň miwesidir.
Ondan biraz uly bolan Alymuhammet Orazow hem öz ýaşynda uly ruhy durnuklylygy görkezdi. Altynjy synp matematikasynyň has çylşyrymly döwründe ol diňe bilimini däl, eýsem güýçli psihologik basyşa garşy durup bilýändigini hem subut etdi.
Mary şäheriniň wekilleri Aýjeren we Gülşat Muhammetnazarowalar hem aýratyn öwgä mynasypdyr. Olaryň halkara derejedäki üstünlikleri ýurdumyzda ders olimpiadalary boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam edýändigini görkezýär. Gyzlar Bakuda geçirilen bäsleşikde maksada okgunlylygyny, çuňňur bilimini hem-de özboluşly logiki pikirlenmek ukybyny üstünlikli görkezdiler.

Olimpiada diňe medal däl, eýsem durmuş mekdebidir
Ýeňijileriň suratlaryna seredip ýa-da üstünlik baradaky habarlary okap, köp adam diňe netijäni görýär: «medal aldy», «baýrakly orna mynasyp boldy», «ajaýyp çykyş etdi». Ýöne men ene-ata hökmünde şeýle suratlara başgaça duýgular bilen seredýärin. Şol çagalaryň ene-atalarynyň nähili tolgunandyklaryny göz öňüne getirýärin.
Çagalary synag otagynda kyn meseleleriň öňünde oturan wagty, olaryň ene-atalary her sekundy alada bilen geçirendir. Soň bolsa üstünlik habaryny eşidip, guwançdan, buýsançdan we ýeňillikden gözýaş döküp, öz balalaryny gujaklandyklaryny hyýal edýärin.
Menimçe, olimpiada diňe diplom ýa-da dereje däl. Ol häsiýeti terbiýeleýän mekdepdir. Mesele ilkinji synanyşykda çözülmese-de, göreşi dowam etdirmekdir. Ýalňyşlyklardan soň ruhdan düşmezlikdir. Güýçli garşydaşlaryň arasynda-da özüňe bolan ynamy saklap bilmekdir.
Ikinji möhüm güýç – maşgala we mugallymlar
Daşyndan seredeniňde olimpiada meseleleri diňe gurak formulalar, san nazaryýeti ýa-da kombinatorika ýaly görünip biler. Emma her diplomyň aňyrsynda gündelik yhlasly zähmet we çagalykdaky köp gyzykly güýmenjelerden ýüz öwürmek durýar.
Intellektual sport hem professional sport ýaly uly zähmeti, özüňi dolandyrmagy we berk tertip-düzgüni talap edýär. Halkara derejesinde üstünlik gazanmak üçin diňe zehin ýeterlik däl. Çalt karar kabul etmegi, döredijilikli pikirlenmegi we wagt basyşynda sowukkanlylygy saklamagy öwrenmek zerurdyr.
Şonuň üçin türkmen okuwçylarynyň üstünligi üç esasy güýjüň sazlaşygynyň netijesidir: çagalaryň yhlasly zähmeti we tertipliligi, mugallymlaryň ussatlygy hem-de ene-atalaryň tüýs ýürekden goldawy.
Iň gymmatly ýeňiş
Birnäçe ýyl geçenden soň olimpiadada alnan utuklar ýatdan çykyp biler. Medallar öýüň bir burçunda öz ýerini tapar. Ýöne bu ýaşlaryň gazanan iň uly baýlygy olaryň berk häsiýetidir. Bakuda geçirilen bu olimpiada ýaly bäsleşikler olarda kynçylyklardan gorkmazlygy, duýgularyny dolandyrmagy we öz güýçlerine ynanmagy öwredýär.
Ine, hut şu-da çagalarymyzyň olimpiadalarda gazanýan iň gymmatly baýragydyr.
Maýa Annaýewa





