Niderlandlarda Ahalteke atçylygy günleriniň maksatnamasy we sebitara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleriniň guramaçylygyna bagyşlanan Gaaga we Maastriht şäherlerinde birnäçe duşuşyk geçirdi.

Gaagada Niderlandlaryň Daşary işler ministrliginiň syýasy meseleler boýunça baş direktory Ýost Flamand hem-de Onuň Alyhezret Patyşanyň Diwanynyň direktory Frans Prinsen bilen gepleşikler geçirildi. Maastrihtde bolsa, 1992-nji ýylda taryhy Maastriht şertnamasynyň gol çekilen ýeri bolan Limburg welaýatynyň dolandyryş edarasynyň binasynda türkmen wekiliýeti Limburgyň Patyşanyň komissary (gubernatory) Emil Rumer bilen duşuşdy.

Duşuşyklaryň esasy temasy 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Limburgdaky iň iri atçylyk-sport toplumy bolan Peelbergen merkezinde geçiriljek Ahalteke atçylygy günlerine taýýarlyk boldy. Gubernator Emil Rumer çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmak baradaky çakylygy kabul etdi hem-de taslamanyň sebit häkimiýeti tarapyndan doly goldanylýandygyny tassyklady.

Maastrihtde geçirilen gepleşikleriň aýratyn ugurlarynyň biri hökmünde Limburg welaýaty bilen Türkmenistanyň welaýatlarynyň biriniň arasynda doganlaşan sebitler we göni sebitara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky başlangyç ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň agrosenagat toplumy, söwda, tehnologiýalar, bilim we syýahatçylyk ýaly ugurlary öz içine almagy göz öňünde tutulýar.

Tema boýunça





