HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Awgust 01, 2026 | 17:30 |1767
Çeşme: orient.tm

Tebigat henizem adamzat üçin näbelli bolan köp syrlary özünde saklaýar. Täze gözegçilik tehnologiýalary alymlara ýabany tebigatyň iň elýeterli bolmadyk ýerlerini öwrenmäge we haýwanlaryň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklary synlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde her gün ýaşaýyş ugrundaky göreş dowam edýär. Ýylylyk şekillendiriş enjamy bilen enjamlaşdyrylan dronlar ilkinji gezek Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinhaý welaýatynda ýerleşýän Hohsil milli tebigy goraghanasynda, jerenleriň köpelýän möwsüminde, tibet jerenleriniň gijeki hereketlerini ýazga aldy. Alnan wideolar alymlara bu seýrek haýwanlaryň gijelerine nähili dynç alýandygyny we ýyrtyjylaryň hüjümlerine nähili garşy durýandygyny göni synlamaga mümkinçilik berdi.

12-nji iýulda Žuonaý kölüniň golaýynda geçirilen surata düşürilişik doly garaňkylykda jerenleriň özüni alyp barşyny görkezdi. Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň žurnalisti tarapyndan dolandyrylan dron haýwanlary biynjalyk etmän, ýapgyt baýyrlarda dynç alýan sürini surata aldy. Wideoda jerenleriň wagtal-wagtal başlaryny galdyryp, daş-töweregini üns bilen synlaýandygy görünýär. Emma olaryň rahatlygy uzak dowam etmedi. Birnäçe möjek gizlinlik bilen sürä golaýlap başlady.

Az salymdan aw başlandy. Möjekleriň biri birden tizligini artdyryp, sürä kürsäp girdi we bir jerene hüjüm edip, ony ýere ýykdy. Beýleki jerenler bolsa derrew dürli tarapa gaçyp, hüjümden gutulmaga synanyşdy.

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Demirgazyk-Günbatar beýik dag biologik institutynyň ylmy işgäri Lian Sinmin şeýle belledi: «Tibet jerenlerini 20 ýyldan gowrak wagt bäri öwrenýärin. Ýöne Žuonaý kölüniň gijeki durmuşyny ilkinji gezek gördüm. Infragyzyl ýylylyk kamerasy hakykatdanam täsin pursatlary ýazga aldy. Bu bize jerenleriň köpelýän döwründe gijeki hereketlerini we olaryň ýyrtyjylar bilen gatnaşyklaryny göni synlamaga mümkinçilik berdi. Bu wideolar hem ylmy barlaglar, hem-de jemgyýetçilik üçin örän gymmatlydyr.»

Şol günüň dowamynda dron ýaşamak ugrundaky göreşiň ýene bir täsirli pursatyny hem ýazga aldy. Wideoda uly tibet goňur aýysy jerenleriň toparyna sessiz-üýnsüz golaýlaýar. Howpy duýan jerenler gaçmaga synanyşdy. Emma olaryň biri ýeterlik çalt gaçyp bilmedi. Aýy ony tutup, awuny alyp gitdi.

Lian Sinminiň bellemegine görä: «Bu wideolar tibet jerenleriniň näderejede goragsyzdygyny we ýyrtyjylaryň güýjüni görkezýär. Şeýle-de bolsa, bu tebigatyň ýaşamak baradaky tebigy kanunydyr. Ýyrtyjylar bilen awlarynyň arasyndaky gatnaşyk ekoulgamyň sagdynlygyny saklamaga, iň güýçli jandarlaryň ýaşap galmagyna we tebigy deňagramlylygyň dowam etmegine ýardam berýär».

Sinhaý–Tibet belentliginde ýerleşýän Hohsil Hytaýyň iň uly tebigy goraghanalarynyň biridir we tibet jerenleriniň iň möhüm ýaşaýan ýerleriniň hasaplanýar. Dronlaryň we ýylylyk şekillendiriş tehnologiýalarynyň ulanylmagy haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwrenmekde hem-de seýrek duş gelýän görnüşleri goramakda täze mümkinçilikleri döredýär.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, bu täze gözegçilik maglumatlary alymlara Hohsiliň ekoulgamyna has çuňňur düşünmäge hem-de dünýäniň iň täsin tebigy sebitleriniň birinde ýyrtyjylar bilen ot iýiji haýwanlaryň arasyndaky tebigy deňagramlylygy gorap saklamaga ýardam eder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026