HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Piter Pellegrini: Slowakiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar taryhda iň ýokary derejä ýetdi

Awgust 01, 2026 | 17:00 |1270
Çeşme: orient.tm

Halkara gatnaşyklar diňe bir resmi gepleşikleriň üsti bilen däl, eýsem göni gepleşikler, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemek arkaly hem ösdürilýär. Döwlet saparlary özara ynamy pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmaga hyzmat edýär.

Slowakiýanyň Prezidenti Piter Pellegrini duşenbe gününden çarşenbe gününe çenli dowam eden Hytaýa döwlet saparyndan soň, Slowakiýa bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň «taryhda iň ýokary derejä ýetendigini» aýtdy. Bu sapar Piter Pellegrininiň Slowakiýanyň Prezidenti wezipesine girişeninden soň Hytaýa amala aşyran ilkinji döwlet sapary boldy. Sapar wagtynda ol hytaýly ýolbaşçylar bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi, şeýle hem Pekindäki birnäçe häzirki zaman tehnologik desgalaryna, şol sanda robotlaşdyrylan söwda merkezine we hytaýyň tehnologiýa kompaniýasy bolan "Baidu"-niň baş edarasyna baryp gördi.

Piter Pellegrini çarşenbe güni "China Media Group" beren interwýusynda bu saparyň taryhy ähmiýetini belläp, soňky ýyllarda Hytaýda bolup geçen uly özgertmeleri öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik alandygyny aýtdy. Ol şeýle belledi: «Bu sapar meniň we Slowakiýa üçin taryhy ähmiýete eýedir. Sebäbi 23 ýyldan soň ilkinji gezek Slowakiýanyň Prezidenti Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Şonuň üçin bu sapar Slowakiýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar üçin örän möhümdir. Men 2015-nji we 2017-nji ýyllarda hem Hytaýa gelipdim — bir gezek parlamentiň başlygy, beýleki gezek bolsa premýer-ministriň orunbasary hökmünde. Şonuň üçin men soňky on ýylda Hytaýyň gazanan ägirt uly ösüşlerini deňeşdirip bilýärin. Takmynan on ýyl öňki ýagdaý bilen deňeşdireniňde, ýurduň nähili derejede ösendigini görmek hakykatdanam meni haýrana goýdy». Slowakiýanyň Prezidenti saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik we geçirilen gepleşikler üçin hem minnetdarlyk bildirdi.

«Bu sapar iň ýokary derejede guraldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygymyz we ara alnyp maslahatlaşylan meseleler häzirki wagtda Hytaý bilen Slowakiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhymyzda iň ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Men muňa örän şat we çuňňur minnetdar» - diýip, Slowakiýanyň Prezidenti belledi.

Maglumat üçin: Hytaý bilen Slowakiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ençeme onýyllyklaryň dowamynda ösdürilip gelinýär. Iki ýurt söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, senagat, innowasiýalar, ulag we tehnologiýalar ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Soňky ýyllarda bolsa ýokary tehnologiýalar pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, Slowakiýanyň Prezidentiniň Hytaýa döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze tapgyry açdy hem-de iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026