Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Awgust 02, 2026 | 15:23 |1432
Fortune žurnaly girdejiniň möçberi boýunça dünýäniň iň iri korporasiýalarynyň ýyllyk Global 500 reýtingini çap etdiFortune žurnaly girdejiniň möçberi boýunça dünýäniň iň iri korporasiýalarynyň ýyllyk Global 500 reýtingini çap etdi
Çeşme: fortune.com

Fortune žurnaly girdejiniň möçberi boýunça dünýäniň iň iri korporasiýalarynyň ýyllyk Global 500 reýtingini çap etdi.

Sanawyň iň esasy täzeligi lideriň çalşylmagy boldy: internet ägirdi Amazon soňky 12 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bölek satuw ulgamy Walmart-dan öňe geçip, birinji orny eýeledi.

Geçen ýylyň dowamynda reýtinge giren kompaniýalaryň umumy girdejisi 3,2 göterim artyp, rekord derejä — 43,1 trillion ABŞ dollaryna ýetdi. Bu korporasiýalaryň paýyna dünýäniň jemi içerki önüminiň (JİÖ) üçden birinden gowragy düşýär. Olaryň umumy arassa girdejisi hem taryhy iň ýokary derejä — 3,39 trillion ABŞ dollaryna ýetdi. Reýtinge girýän kompaniýalarda 70 milliondan gowrak adam zähmet çekýär.

Şu ýyl ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi boldy. Çip öndürijisi Nvidia birbada 38 basgançak ýokary galyp, 28-nji orny eýeledi.

Taýwanyň Taiwan Semiconductor kompaniýasy 82-nji orna çykdy, Niderlandlaryň litografiýa enjamlaryny öndürýän ägirdi ASML bolsa ilkinji gezek reýtinge girip, 453-nji orny eýeledi. Hytaýyň iri tehnologiýa kompaniýalary hem oňyn ösüş görkezdi: Alibaba 56-njy orna galdy, Tencent bolsa ilkinji ýüzlüge girip, 97-nji orny eýeledi.

Saglygy goraýyş pudagy hem durnukly ösüşini dowam etdirýär. ABŞ-nyň McKesson holdingi 7-nji orna çenli ýokarlandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026