Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Niderlandlardaky çykyşlarynyň öňisyrasynda ak pata berdi


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş çapyksuwarlaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy.
2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çapyksuwarlyk sungatyndaky ussatlygy we täsirli çykyşlary bilen dünýäde giňden tanaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalaryna öňde boljak halkara ýaryşlarynda üstünlik arzuw edip, türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, Watanymyzyň adyndan mynasyp wekilçilik etjekdiklerine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, toparyň halkara giňişliginde gazanjak täze üstünlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmaga mynasyp goşant bolar. Öz gezeginde, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bildirilen ynamy ödäp, ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da artdyrmak üçin ähli tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.
Duşuşyk ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu abraýly ýaryşlara taýýarlyk görmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparyna ýolbaşçylyk edýär we taýýarlyk işlerini şahsy gözegçiliginde saklaýar.
Şu günler wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar. Türkmenistanyň wekilleri öňde boljak ýaryşlaryň geçiriljek ýerini gözden geçirdiler. Şeýle hem olar guramaçylar bilen bezeg işleri, Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny ýerleşdirmek we logistika bilen baglanyşykly meseleleri ylalaşdylar.
Saparyň çäklerinde Ýewropanyň bilermenleri we atşynaslary bilen geňeşmeler geçirildi. Daşary ýurtly hünärmenler türkmen bedewleri ýetişdirmek we türgenleşdirmek boýunça özboluşly däpleriniň täsinligini aýratyn nygtap, bu ugurda tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler. Duşuşyklara gatnaşyjylar ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň dünýä jemgyýetçiliginiň «asmana deňelýän» bedewlere bolan gyzyklanmasyny täze derejä çykarandygyny bellediler.






