HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilelik Hub Aşgabatda OPEN HUB — Açyk gapylar gününe çagyrýar

Awgust 02, 2026 | 21:54 |1419
2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Bilelik Hub OPEN HUB atly çäräni geçirer. Bu çäre merkeziň giňişligi, onuň jemgyýetçiligi hem-de hünär taýdan ösüş, aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin niýetlenen maksatnamalary bilen tanyşdyrmaga bagyşlanýar2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Bilelik Hub OPEN HUB atly çäräni geçirer. Bu çäre merkeziň giňişligi, onuň jemgyýetçiligi hem-de hünär taýdan ösüş, aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin niýetlenen maksatnamalary bilen tanyşdyrmaga bagyşlanýar
Çeşme: Orient.tm

2026-njy ýylyň 1-nji awgustynda Bilelik Hub OPEN HUB atly çäräni geçirer. Bu çäre merkeziň giňişligi, onuň jemgyýetçiligi hem-de hünär taýdan ösüş, aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk üçin niýetlenen maksatnamalary bilen tanyşdyrmaga bagyşlanýar.

Günüň dowamynda myhmanlar Bilelik Hub merkezine baryp görüp, koworking zolagy bilen tanşyp, klublaryň açyk sessiýalaryna gatnaşyp, peýdaly maslahatlary alyp we jemgyýetçiligiň agzalary bilen tanyşyp bilerler.

OPEN HUB çäresiniň maksatnamasy

10:00–10:30 | Myhmanlary garşylamak

Gatnaşyjylary kabul etmek we erkin söhbetdeşlik.

10:30–16:00 | Bilelik Hub boýunça gezelenç

Myhmanlar merkeziň giňişligi bilen tanyşyp, erkin koworking zolagyny, iş meýdançalaryny, Bilelik Hub merkeziniň hyzmatlaryny görüp hem-de ýokary tizlikli Wi-Fi ulgamyny synap bilerler.

11:00–16:00 | LinkedIn Photoshoot & Branding Session

LinkedIn profilleri üçin professional fotosessiýa. Hünärmenler professional profili dogry taýýarlamak we sanly gurşawda şahsy brendi ösdürmek boýunça gysga maslahatlary bererler.

12:00–15:00 | Bilelik Hub merkeziniň hyzmatdaşlarynyň tanyşdyrylyşy

Merkeziň hyzmatdaşlary audit, emläge baha bermek we gozgalmaýan emläk bilen bagly geleşikler boýunça şahsy taraplara hem-de telekeçilere maslahat bererler.

14:00–20:00 | Bilelik Hub klublarynyň interaktiw demo-sessiýalary

Gatnaşyjylar merkeziň hereket edýän we täze döredilýän klublary bilen tanyşyp, olaryň açyk duşuşyklaryna gatnaşyp, her bir jemgyýetçiligiň iş görnüşini tejribede synlap bilerler.

15:00–15:30 | Special Offers & Membership Hour

Rezidentlik üçin ýörite şertleriň tanyşdyrylyşy, täze gatnaşyjylaryň hasaba alynmagy, Bilelik Hub merkeziniň adyndan sowgatlyk önümleriniň we beýleki sowgatlaryň gowşurylyşy.

19:30–21:00 | Klublara ýazylmak we baýrakly utuş

Myhmanlar özlerine gyzykly bolan klublara ýörite şertlerde agza bolup, jemleýji sowgatly utuşa gatnaşyp hem-de çärä gatnaşyjylar bilen umumy surata düşüp bilerler.

20:00–22:00 | Bilelik Hub merkeziniň eýwanynda Sunset Networking

Agşamky maksatnama merkeziň eýwanynda geçiriler. Myhmanlara aragatnaşyk gurmak, tejribe alyşmak, rezidentler, klub ýolbaşçylary we OPEN HUB çäresiniň gatnaşyjylary bilen intellektual oýunlara gatnaşmak mümkinçiligi dörediler.

OPEN HUB çäresi Bilelik Hub merkezi, onuň jemgyýetçiligi we iş ugurlary bilen tanyşmak üçin amatly meýdança bolar.

Guramaçylar ähli gyzyklanma bildirýänleri çärä gatnaşmaga, merkeziň giňişligi bilen tanyşmaga, özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermäge we gününi täze pikirleriň hem-de netijeli aragatnaşygyň ruhunda geçirmäge çagyrýarlar.

Sene: 2026-njy ýylyň 1-nji awgusty

Wagty: 10:00–22:00

Geçiriljek ýeri: Bilelik Hub, Ashgabat Mall.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026
Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

20:46 Awgust 15, 2026
Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

20:43 Awgust 15, 2026