HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Iýul 31, 2026 | 14:45 |1867
2027-nji ýylyň 2-nji fewraly bilen 6-njy fewraly aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde «AGROEXPO» 22-nji Halkara oba hojalyk we maldarçylyk sergisi geciriler2027-nji ýylyň 2-nji fewraly bilen 6-njy fewraly aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde «AGROEXPO» 22-nji Halkara oba hojalyk we maldarçylyk sergisi geciriler
Çeşme: agroexpo.com.tr

2027-nji ýylyň 2-nji fewraly bilen 6-njy fewraly aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde «AGROEXPO» 22-nji Halkara oba hojalyk we maldarçylyk sergisi geciriler.

Bu Ýewropada we Türkiýäniň in iri hünär derejesindäki çäreleriniň biri bolup, bütin dünýäden oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileri, oba hojalyk kompaniýalaryny we fermerleri bir ýere jemlär.

Çäre « Gaziemir» sergi merkezinde bolar we umumy meýdany 110 müň inedördül metr bolan 12 pawilýony eýelär. Sergide aşakdakylar görkeziler:

— Oba hojalyk tehnikalary: dünýäniň we Türkiýäniň öňdebaryjy brendlerinden traktorlar, topragy bejermek we ekinlere ideg etmek üçin enjamlar.

— Maldarçylyk we iým: fermer hojalyklary üçin häzirki zaman çözgütleri, mallary saklamak üçin tehnologiýalar we iým üçin innowasion goşundylar.

— Innowasiýalar we sanlylaşdyrmak: hasyllylygy ýokarlandyrmak we oba hojalyk telekeçiligini netijeli dolandyrmak üçin öňdebaryjy işläp taýýarlamalar.

Maksatnama baradaky giňişleýin maglumatlar çäräniň resmi saýtynda ýerleşdirilendir. Şol ýerde serginiň bildirişi hem elýeterlidir.


«AGROEXPO» — bu täze hyzmatdaşlary tapmak, enjamlary göni öndürijilerden satyn almak we tejribe alyşmak üçin iş platformasydyr. Geçen gezek sergä 112 ýurtdan 110 müňden gowrak adam geldi, bu hem onuň ýokary halkara derejesini tassyklaýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026