Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi


Aşgabat, 29-njy iýul | ORIENT. Paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Dabara gatnaşan myhmanlary — diplomatlary, harby attaşeleri we halkara guramalarynyň wekillerini Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin hem-de diplomatik wekilhananyň ýokary derejeli işgärleri garşyladylar.

1927-nji ýylyň 1-nji awgustynda Nançan gozgalaňynyň dowamynda döredilen Hytaýyň Halk azat ediş goşuny kiçijik ynkylapçy toparlardan dünýäniň iň kuwwatly, ýokary tehnologiýaly we iň köp sanly goşunlarynyň birine öwrülmek ýoluny geçdi. Häzirki wagtda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň düzümine gury ýer goşunlary, Harby-deňiz güýçleri, Harby-howa güýçleri, Raketa goşunlary hem-de Strategik goldaw güýçleri girýär.

Öz döredilen gününden bäri geçen 99 ýylyň dowamynda hytaý goşuny uly özgertmeleri başdan geçirdi. XX asyrda ýapon basybalyjylaryna garşy göreşmekden we ýurduň döwlet garaşsyzlygyny goramakdan başlap, XXI asyrda sanly hem-de tehnologik taýdan düýpli döwrebaplaşdyryş işlerine çenli uly ösüş ýoluny geçdi. Häzirki zaman Hytaýyň Halk azat ediş goşuny diňe bir ýurduň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün edýän «polat gala» bolman, eýsem Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy goraýyş missiýalaryna, halkara deňiz garakçylygyna garşy göreş amallaryna hem-de tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça ynsanperwer missiýalara işjeň gatnaşýan möhüm harby düzümdir.

Dabaraly kabul edişlikde hytaý tarapyndan esasy çykyşy eden Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby attaşesi Huan Leý boldy. Ol öz çykyşynda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň taryhy orny we häzirki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durup geçdi:
«Soňky 99 ýylyň dowamynda Hytaýyň Halk azat ediş goşuny Hytaý Kommunistik partiýasynyň doly ýolbaşçylygynda halka yhlasly hyzmat edip, janyny gaýgyrman, milli garaşsyzlygy gazanmak, halky azat etmek we döwletiň gülläp ösmegi ugrunda ýatdan çykmajak goşant goşdy. Häzirki wagtda hytaý goşuny döwlet özygtyýarlygyny, howpsuzlygy we ösüş bähbitlerini goramakda ygtybarly daýanç bolup galýar. Halkymyz we onuň Ýaragly Güýçleri « Taýwanyň garaşsyzlygyny» diýlip wagyz edilýän islendik separatistik hereketlere berk garşy çykýar hem-de daşarky güýçleriň ýurduň içerki işlerine gatyşmagyny düýbünden ret edýär.»

Harby attaşe öz çykyşynda Hytaý bilen Türkmenistanyň goranyş edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşýandygyny aýratyn belledi. Onuň aýtmagyna görä, Pekin Aşgabatdaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde iki döwletiň Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem hytaý-türkmen umumy ykbal jemgyýetini kemala getirmäge we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge goşant goşmaga taýýardyr.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň we Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan Hytaýyň harby wekiliýetine tüýs ýürekden gutlaglaryny Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasary, polkownik Begmyrat Soltanow ýetirdi.

Ol islendik döwletiň Ýaragly Güýçleriniň parahatçylygy, döwlet özygtyýarlygyny we çäk bitewüligini goramagyň esasy kepilleriniň biridigini, olaryň berk binýadynyň bolsa ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we güýçli söweş taýýarlygyna daýanýandygyny nygtady.
«Döwlet Baştutanlarymyzyň tagallalary netijesinde uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklary sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrýan möhüm faktorlaryň biri bolup hyzmat edýär. Iki ýurdumyzyň harby edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, harby-tehniki ulgam we harby bilim ugurlary ileri tutulýan hyzmatdaşlyk ugurlarynyň hatarynda durýar».

Türkmenistanyň goranyş edarasynyň wekili ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary amaly netijeliligine aýratyn üns çekdi. Onuň bellemegine görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen Hytaýyň harby-senagat toplumynyň iri korporasiýalarynyň arasynda birnäçe möhüm şertnama baglaşylyp, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen tarapy bu özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Aşgabatda geçirilen dabaraly kabul edişlik Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň özara hormata, taryhy hakyda hem-de durnukly ösüşe bolan umumy ymtylyşa esaslanýan berk binýada daýanýandygyny ýene bir gezek tassyklady.







