Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy: 20 täze hünär


Şu gün, 29-njy iýulda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy.
Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyby adyna 18 müňden gowrak adam eýe bolar, bu bolsa geçen ýylka garanyňda 1239 orun köpdür. Ýene-de 11 müň töweregi dalaşgär orta hünär okuw mekdeplerine girer. Synag möwsümi 24-nji awgusta çenli dowam eder.
Täze ugurlar we emeli aňa berilýän üns
Zähmet bazarynyň zerurlyklaryny we ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy göz öňünde tutup, ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlygyň 20 täze ugry açyldy:
— Emeli aň we robototehnika: Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Emeli aň we ekspert ulgamlary», şeýle hem «Mehatronika we robot tehnikasy» ugurlary açyldy. Politehniki orta hünär okuw mekdebinde hem emeli aň we maglumatlary seljermek hünärleri täze açyldy.
— Mugallymçylyk we diller: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna arap dili, defektologiýa we psihologiýa hünärleri goşuldy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna bolsa urdu dili boýunça hünär girizildi.
— Energetika we agrosenagat toplumy: Oba hojalyk uniwersitetinde IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy hünäri ornaşdyryldy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bolsa maglumat howpsuzlygy we nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti hünärleri açyldy.
— Diplomatiýa: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk we bitaraplyk» ugry boýunça magistratura açyldy.
Şu ýylyň möhüm täzeligi – giriş synaglarynyň döwlet dilinde kompýuter test görnüşinde geçirilmegidir. Ilkinji gezek bu ulgam S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde synag görnüşinde işe girizildi.
Synag işleriniň aç-açanlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýörite döredilen Döwlet topary tarapyndan gözegçilik alnyp barylýar.
ORIENT







