Aşgabat bütin dünýäden maýadarlary kabul etmäge taýýarlanýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlaýar


1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (Turkmen Investment Forum — TIF 2026) geçiriler. Forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek we amaly taýdan durmuşa geçirmäge gönükdirilen çözgütleri kabul etmek üçin esasy meýdança bolar.
Guramaçylar hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi «Turkmen Congress» kompaniýasynyň goldaw bermeginde çykyş edýärler. Forumyň işine IFC, EBRD we UK Export Finance ýaly global maýa goýum bazarynyň esasy gatnaşyjylary gatnaşarlar.
Işewürlik maksatnamasy energetika we nebit-himiýa pudaklaryny, ulag geçelgelerini (Hazar sebitini we Orta geçelgäni goşmak bilen), sanly ykdysadyýeti, «ýaşyl» taslamalary, agrosenagat toplumyny, syýahatçylygy hem-de suw serişdelerini öz içine alar. Ykdysadyýetde emeli aň meselesine aýratyn üns berler — panel sessiýasy tehnologiýalaryň ýurduň maýa goýum gurşawyny nähili üýtgeýändigini ara alyp maslahatlaşjak bilermenleri bir ýere jemlär.
Gatnaşyjalara döwlet edaralarynyň wekilleri bilen göni duşuşyklar, taslamalary durmuşa geçirmegiň hukuk we maliýe taraplary boýunça amaly maslahat, şeýle hem halkara maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklary (networking) garaşýar.
Gatnaşyjylary hasaba alnyş forumyň resmi web-sahypasynda ýakyn wagtda açylar https://tif-turkmenistan.com/
Gatnaşmak, hyzmatdaşlyk etmek we hemaýatkärlik soraglary boýunça:
Email: contact@turkmencongress.com,
Telefon: +993 71 871814







