HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat bütin dünýäden maýadarlary kabul etmäge taýýarlanýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlaýar

Iýul 30, 2026 | 22:53 |1159
1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (Turkmen Investment Forum — TIF 2026) geçiriler1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (Turkmen Investment Forum — TIF 2026) geçiriler
Çeşme: turkmencongress.com

1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (Turkmen Investment Forum — TIF 2026) geçiriler. Forum maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek we amaly taýdan durmuşa geçirmäge gönükdirilen çözgütleri kabul etmek üçin esasy meýdança bolar.

Guramaçylar hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi «Turkmen Congress» kompaniýasynyň goldaw bermeginde çykyş edýärler. Forumyň işine IFC, EBRD we UK Export Finance ýaly global maýa goýum bazarynyň esasy gatnaşyjylary gatnaşarlar.

Işewürlik maksatnamasy energetika we nebit-himiýa pudaklaryny, ulag geçelgelerini (Hazar sebitini we Orta geçelgäni goşmak bilen), sanly ykdysadyýeti, «ýaşyl» taslamalary, agrosenagat toplumyny, syýahatçylygy hem-de suw serişdelerini öz içine alar. Ykdysadyýetde emeli aň meselesine aýratyn üns berler — panel sessiýasy tehnologiýalaryň ýurduň maýa goýum gurşawyny nähili üýtgeýändigini ara alyp maslahatlaşjak bilermenleri bir ýere jemlär.

Gatnaşyjalara döwlet edaralarynyň wekilleri bilen göni duşuşyklar, taslamalary durmuşa geçirmegiň hukuk we maliýe taraplary boýunça amaly maslahat, şeýle hem halkara maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklary (networking) garaşýar.

Gatnaşyjylary hasaba alnyş forumyň resmi web-sahypasynda ýakyn wagtda açylar https://tif-turkmenistan.com/

Gatnaşmak, hyzmatdaşlyk etmek we hemaýatkärlik soraglary boýunça:

Email: contact@turkmencongress.com,

Telefon: +993 71 871814

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026