Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy


Halkara derejesinde tanalýan çempion we Professional Fighters League (PFL) guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki bellige alnan, garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça (MMA) meşhur türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy.
Türgene bu şahadatnama Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew tarapyndan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edilmegi bilen Dostluk oýunlary her ýyl geçirilýär.
ORIENT




