Türkmenistanyň GDA-da başlyklygy we Aşgabatda geçiriljek güýzdäki sammitler – Minskdäki mejlisiň gün tertibinde


28-nji iýulda Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ştab-kwartirasynda Arkalaşyga agza döwletleriň guramanyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralaryndaky hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.
Gün tertibiniň esasy meselesi 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň hem-de oňa degişli çäreler meýilnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişiniň jemlerini jemlemekden ybarat bolar.
Mundan başga-da, diplomatlar şu ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamalaryna serederler.
Duşuşyga gatnaşyjylar, şeýle hem, GDA ýurtlarynyň Syýahatçylyk boýunça Geňeşiniň 2022–2025-nji ýyllardaky işiniň netijelerini seljererler, döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň öňe süren esasy başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça Ýol kartasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de olar Arkalaşyga agza döwletleriň sanlylaşdyrma, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşarlar.






