Buharada «Kiçi Türkmenistan» medeni-syýahatçylyk toplumyny döretmek meýilleşdirilýär


Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetinde edararyň başlygynyň orunbasary Suhrobjon Bobokalonow bilen Türkiýäniň “Finwest Finance Company” maýa goýum kompaniýasynyň, Ýewraziýanyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bileleşiginiň hem-de «SD TURKMEN HALY» bilelikdäki kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň esasy temasy gadymy Buhara şäherinde «Küçük Türkmenistan» («Kiçi Türkmenistan») atly iri medeni-syýahatçylyk taslamasyny bilelikde taýýarlamak we ony tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boldy. Bu başlangyç häzirki zaman myhmanhana hem-de syýahatçylyk infrastrukturasyny gurmak üçin göni maýa goýumlaryny çekmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem taslamanyň çäklerinde türkmen halkynyň milli senetçiligini, däp bolan haly dokamak sungatyny, etnografiýasyny we milli tagamlaryny giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berjek özboluşly medeni giňişligi döretmek meýilleşdirilýär.
Taslama berk taryhy we ylmy esaslara daýanýar. Mundan ozal Buhara döwlet uniwersiteti bilen «SD TURKMEN HALY» kärhanasynyň arasynda sebitde türkmen halyçylyk sungatyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we gaýtadan ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyk hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Taryhy çeşmelere görä, XIX–XX asyrlarda dünýä bazarynda giňden tanalan «Buhara halylary» aslynda türkmenlerdem gelip çykypdyr. Şonuň üçin täze dörediljek toplum hem-de onuň düzümindäki ylmy-barlag merkezi türkmen halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini häzirki zaman dizaýny, tehnologiýalary we akademiki ylym bilen utgaşdyrmagy maksat edinýär.

Taraplaryň wekilleri taslamanyň maliýe we guramaçylyk mehanizmlerini, ony tapgyrlaýyn ulanmaga bermek boýunça tertipnamany, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça gatnaşyjylar toplumyň tehniki-ykdysady görkezijilerini anyklaşdyrmak maksady bilen hemişelik iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Meýilleşdirilýän bu medeni-syýahatçylyk toplumy geljekde Özbegistanyň syýahatçylyk kartasynda täze özüne çekiji merkezleriň birine öwrülmegi maksat edinýär.






