HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Soňky minutdaky iň amatly syýahatlar bilen Türkiýä ýola çykyň

Iýul 30, 2026 | 23:04 |590
Çeýelik häzirki zaman syýahatçylygyň esasy ugruna öwrüldi: adamlar berk meýilleşdirmeden barha köp ýüz öwürýärler.  Öz keýpine görä hereket etmegi we amatly ýörite teklipleri tapmagy söýýänler üçin Türkiýe Ortaýer deňzi sebitinde deňi-taýy bolmadyk öňdebaryjy bolmagynda galýarÇeýelik häzirki zaman syýahatçylygyň esasy ugruna öwrüldi: adamlar berk meýilleşdirmeden barha köp ýüz öwürýärler.  Öz keýpine görä hereket etmegi we amatly ýörite teklipleri tapmagy söýýänler üçin Türkiýe Ortaýer deňzi sebitinde deňi-taýy bolmadyk öňdebaryjy bolmagynda galýar
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Çeýelik häzirki zaman syýahatçylygyň esasy ugruna öwrüldi: adamlar berk meýilleşdirmeden barha köp ýüz öwürýärler.

Syýahatçylyk bazarynyň dünýädäki liderleriniň biri bolan «Expedia Group» analitikleriniň maglumatlaryna görä, syýahatçylar garaşylmadyk çemleşmäni barha köp saýlaýarlar. Howanyň ýagdaýy, iş tertibiniň çalt üýtgemegi we global täzelikler syýahatlar baradaky kararlaryň göni uçar gatnawynyň öň ýanynda kabul edilmegine getirýär. Statistikanyň özi hem muny tassyklaýar: ugranyndan 7–13 gün öň syýahat gözlegleriniň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 25% artdy. Öz keýpine görä hereket etmegi we amatly ýörite teklipleri tapmagy söýýänler üçin Türkiýe Ortaýer deňzi sebitinde deňi-taýy bolmadyk öňdebaryjy bolmagynda galýar.

Турция - Antalya Kemer

Uzyn mahmal möwsüm, myhmanhanalaryň ägirt uly saýlawy we gyzgyn bahalar meýilleşdirilmedik syýahaty ýeňil hem-de oňaýly edýär. Pöwrize reňkli deňiz we altyn reňkli kenarlar bilen birlikde size rowaýaty gündogar myhmansöýerligi, baý Egeý we Ortaýer deňzi aşpezligi, hakyky şerap zawodlary, üýtgeşik gije muzeýleri hem-de çümmekden (daýwingden) başlap paraplanda uçuşa çenli islendik işjeň dynç alyş garaşýar.

Antalýa we «Gök baýdaklar» boýunça rekord

Турция - Forested areas and marvellous bays 2

Deňze tarap duýdansyz gitmek barada pikirlenilende, gün şöhlesi ýylda 300 günden gowrak şöhle saçýan Türkiýe Riwiýerasy ilkinji bolup ýadymyza düşýär. Bu sebitin ýüregi — ýokary derejeli hyzmat bilen amatly bahanyň arasyndaky deňagramlylygyň ajaýyp nusgasy bolan Antalýa şäheridir. Belek, Kemer we Side dynç alyş ýerleri has gowy dynç alyş üçin ähli zatlary hödürleýär: ýokary hilli SPA myhmanhanalaryndan başlap sport infrastrukturasyna we ýokary aşpezlik restoranlaryna çenli.

Antalýanyň esasy baýlygy — kemsiz kenar ýakalarydyr. Bu sebit dünýä rekordyny saklaýar: suwuň we ekologiýanyň arassalygyny tassyklaýan 232 sany «Gök baýdak» bu ýerde parlaýar. «TUI» abraýly reýtinginde gönüden-göni dört sany türk kenar ýakasy dünýäniň iň gowy 10 sanlygyna girdi, olaryň arasynda Belek, Gündogdu we Kadriýe aýratyn bellenildi. Şeýle hem Kaputaş owadan aýlagy, Caretta caretta pyşbagalary bolan ýabany Patara kenar ýakasy we suwa batan gadymy Kekowa şäheri suwa düşmegiň her birini ýatdan çykmajak täsirli waka öwürýär.

Egeý kenar ýakasynyň ýaşaýyş stili

Турция - Mugla Bodrum

Türkiýäniň günbatar kenar ýakasy — diňe bir kenarlar däl, eýsem taryhyň, tebigatyň we aşpezligiň utgaşýan ýörite ýagdaýdyr. Butik myhmanhanalar, zeýtun ýagynyň esasynda taýýarlanan naharlar, täze deňiz önümleri we ýerli şerap zawodlary Egeý sebitiniň arkaýyn ýaşaýyş stilini emele getirýär.

Demirgazyk Egeida bolan gyzyklanma dünýä medeniýeti tarapyndan hem güýçlenýär: Gomeriň rowaýatlary syýahatçylary gadymy Troýanyň ýerleşýän Çanakkale, gözel Assos we ümsüm Bozjaada adasyna çekýär. Birneme günortada taryhy binagärligi we «haýal ýaşaýyş» (slow-living) konsepsiýasy bilen meşhur bolan Aýwalyk we Junda adasy ýerleşýär.

Турция-Marmaris Karacasöğüt Aegean Dinner Taste

Izmirde, Çeşmede, Alaçatyda we Urlada syýahatçylary enogastronomik ugurlar hem-de «MICHELIN» ýyldyzy bellenilen restoranlar garaşýar. Bodrum, Datça, Marmaris we Fethiýe bolsa arassa suwlary, guletlerde kruizler üçin meşhur ugurlary we myhmansöýerligiň dünýä derejesini hödürleýär.

Eger siz entegem dynç alyşy nirede geçirmelidigini pikirlenýän bolsňyz, ýa-da duýdansyz syýahata taýýar bolsňyz, soňky minutdaky iň amatly syýahatlary saýlaň we gyzgyn deňze hem-de ýiti täsirlere tarap Türkiýä ýola çykyň!

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Niderlandlardaky çykyşlarynyň öňisyrasynda ak pata berdi

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Niderlandlardaky çykyşlarynyň öňisyrasynda ak pata berdi

05:02 Iýul 31, 2026