Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji sessiýasyna gatnaşdy


Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde 2026-njy ýylyň 19–29-njy iýuly aralygynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji sessiýasy tamamlandy. Ýokary derejeli halkara forumynyň işine 196 ýurtdan takmynan 3000 sany wekili gatnaşdy.
Sessiýada Türkmenistana ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew wekilçilik etdiler.
Duşuşygyň esasy netijesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň täze 25 sany desga bilen baýlaşdyrylmagy boldy. Olaryň hataryna 19 medeni, 5 tebigy we 1 garyşyk desga — Gresiýadaky Olimp dagynyň tebigy-medeni sebitleri girdi.
Mejilisiň ahyrynda gatnaşyjylar jemleýji Pusan Jarnamasyny kabul etdiler. Şeýle hem indiki forumyň geçiriljek ýeri yglan edildi: Komitetiniň 49-njy sessiýasy 2027-nji ýylyň 27-nji iýuny - 7-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde bolar. Türkiýäniň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Mustafa Ýurdakul geljekki sessiýanyň başlygy hökmünde saýlanyldy.
ORIENT






