HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda «Clever CRM» işe girizildi: bu hyzmat telekeçilige müşderileri ýitirmäge ýol bermeýär

Iýul 28, 2026 | 00:10 |2369
Bütin dünýäde kiçi telekeçilik kem-kemden ýazgylardan we işgärleriň ýadyndan sanly hasaba geçýär. Müşderiler, pul we toparyň ýumuşlary bir adamyň ýadynda däl-de, eýsem, göni telekeçilige degişli bolan ulgamda ýöredilýärBütin dünýäde kiçi telekeçilik kem-kemden ýazgylardan we işgärleriň ýadyndan sanly hasaba geçýär. Müşderiler, pul we toparyň ýumuşlary bir adamyň ýadynda däl-de, eýsem, göni telekeçilige degişli bolan ulgamda ýöredilýär
Çeşme: Clever CRM

Bütin dünýäde kiçi telekeçilik kem-kemden ýazgylardan we işgärleriň ýadyndan sanly hasaba geçýär. Müşderiler, pul we toparyň ýumuşlary bir adamyň ýadynda däl-de, eýsem, göni telekeçilige degişli bolan ulgamda ýöredilýär. Bu geçiş Türkmenistana hem gelip ýetdi.

Kompaniýalaryň arasyndaky tapawut eýýäm duýulýar. Käbirleri işgär gidende we onuň bilen bilelikde müşderiler binýady hem ýitende pul ýitirýärler. Beýlekiler bolsa hiç zat ýitirmeýärler, çünki ähli maglumat ulgamda galýar.

Käbirlerinde menejer «gara guty» ýaly işleýär: onuň müşderilere jaň edýändigi ýa-da etmeýändigi, geleşigi ahyryna çenli ýetirýändigi ýa-da ýolda ýitirýändigi näbelli. Beýlekilerde bolsa her bir ädim göz öňünde bolýar. Hemmeler mahabata pul sarp edýärler. Käbirleri müşderileriň nireden gelýändigini bilýärler. Beýlekiler bolsa ýok. Müşderi bir gezek satyn alyp, ýitirim boldy. Käbirleri üçin bu adaty ýagdaý. Beýlekiler üçin bolsa ýazyp, özüňi ýatlatmak üçin bir duýduryş. Käbirleri puluň nirä gidýändigini bilmeýärler. Beýlekiler bolsa muny islendik wagtda görüp, has çalt çözýärler.

Şeýle işiň eýesi hyzmaty açýar we bir minutda aýda näçe gazanylandygyny hem-de näçe harçlanandygyny görýär. Haýsy müşderileriň uzak wagt bäri ýüz tutmandygyny we haýsy haýyşnamalaryň iş ýüzündedigini görýär. Täze işgär ilkinji günde müşderileriň kimleridigini we olara nämäniň gerekdigini düşünýär. Hiç zat bir adamyň ýadyna daýanmaýar.

Täze «Clever CRM» hyzmatynyň edýän zady hem hut şudyr. Ol «Customer Relationship Management» (Müşderiler bilen gatnaşyklary dolandyrmak) diýen manyny berýär. Bu telekeçiniň işiniň ähli maglumatlaryny bir ýerde saklamak üçin ulgamdyr: müşderiler, pul, toparyň ýumuşlary. Ol her bir müşderi üçin doglan gününi, öňki sargytlaryny we iň sоňky gezek näme barada ylalaşandyklaryny ýatda saklaýar. Rus we türkmen dillerinde işleýär, Türkmenistanda ozal şeýle çözgüt ýokdy. Ýurdumyzyň içinde elýeterli, daşary ýurtlara ýüz tutmak gerek däl. Çylşyrymly we gymmat sazlamasyz bir günüň içinde işe girizilýär. Ilkinji 30 gün mugt, mundan beýläk aýda 300 manat. Goldaw ýerinde, öz sagat guşagyňyzda amala aşyrylýar.

Resmi işe girizilmezden ozal hyzmat iş ýüzünde barlandy. Ol bilim merkezinde, wideo-önümçilik studiýasynda, çäreler (event) agentliginde, öý dizaýnerinde we syýahatçylyk agentliginde synagdan geçirildi. Bäsleşýän bäş dürli pudak. Ulgam bäşisinde hem synagdan geçdi.

Mugt duşuşyga ýazylyp bilersiňiz. «Clever CRM» hünärmenleri hut şu işiň nähili guralandygyny seljerýärler: müşderiler kim, olara haýyşnamalar nireden gelýär we soňra näme bolýar. Geleşigiň basgançaklaryny kesgitleýärler, ilkinji ýüzlenmeden tölege çenli. Paýplaýny sazlaýarlar: her bir müşderiniň haýsy tapgyrdadygyny görkezýän düşnükli ýol. Işiň gurluşyny görkezýärler we ony ulgama geçirmek üçin ilkinji ädimi edýärler.

«Clever CRM»-iň ilkinji aýy mugt.

Saýt: https://clever.com.tm/tk/clever-crm

Instagram: @clever.crm

Telefon: 10-58-48

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026