Apple kompaniýasy NVIDIA-ny yzda galdyryp, ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy


Amerikanyň «Apple» korporasiýasy çip öndürijisi «NVIDIA» kompaniýasyny bazar kapitalizasiýasy boýunça yzda galdyryp, dünýäniň iň gymmat açyk paýdarlar kompaniýasy adyny ýene-de gaýtaryp aldy. Tehnologiýa pudagynyň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde «Apple» kompaniýasynyň bazar bahasy üç trillion dollardan geçdi.
Maýadarlar «Apple» kompaniýasynyň maliýe görkezijilerine, şeýle hem brendiň enjamlarynda emeli aňyň täze funksiýalarynyň tanyşdyrylmagyna oňat baha berdiler.
Şol bir wagtda, «NVIDIA»-nyň gymmatly kagyzlary emeli aň hasaplamalary üçin çiplere bolan ýokary isleg sebäpli ýüze çykan rekord ösüş döwründen soň wagtlaýyn düzediş (korrekksiýa) görkezdi.
Birža nyrhlarynyň ýokary üýtgemegi (wolatililigi) sebäpli dünýäniň iň gymmat ägirtleriniň reýtingi yzygiderli üýtgäp durýar. IT-bazarda liderlik ugrunda üç sany kompaniýa — «Apple», «NVIDIA» we «Microsoft» bäsleşmegini dowam edýärler.
Bilermenler bu bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesi üçin emeli aň pudagyndaky işläp taýýarlamalar we emeli aň hyzmatlaryny köpçülikleýin önümlere ornaşdyrmak ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji bolmagynda galýandygyny belleýärler.
ORIENT






