HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple kompaniýasy NVIDIA-ny yzda galdyryp, ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Iýul 28, 2026 | 00:02 |493
Amerikanyň «Apple» korporasiýasy çip öndürijisi «NVIDIA» kompaniýasyny bazar kapitalizasiýasy boýunça yzda galdyryp, dünýäniň iň gymmat açyk paýdarlar kompaniýasy adyny ýene-de gaýtaryp aldyAmerikanyň «Apple» korporasiýasy çip öndürijisi «NVIDIA» kompaniýasyny bazar kapitalizasiýasy boýunça yzda galdyryp, dünýäniň iň gymmat açyk paýdarlar kompaniýasy adyny ýene-de gaýtaryp aldy
Çeşme: Getty Images

Amerikanyň «Apple» korporasiýasy çip öndürijisi «NVIDIA» kompaniýasyny bazar kapitalizasiýasy boýunça yzda galdyryp, dünýäniň iň gymmat açyk paýdarlar kompaniýasy adyny ýene-de gaýtaryp aldy. Tehnologiýa pudagynyň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde «Apple» kompaniýasynyň bazar bahasy üç trillion dollardan geçdi.

Maýadarlar «Apple» kompaniýasynyň maliýe görkezijilerine, şeýle hem brendiň enjamlarynda emeli aňyň täze funksiýalarynyň tanyşdyrylmagyna oňat baha berdiler.

Şol bir wagtda, «NVIDIA»-nyň gymmatly kagyzlary emeli aň hasaplamalary üçin çiplere bolan ýokary isleg sebäpli ýüze çykan rekord ösüş döwründen soň wagtlaýyn düzediş (korrekksiýa) görkezdi.

Birža nyrhlarynyň ýokary üýtgemegi (wolatililigi) sebäpli dünýäniň iň gymmat ägirtleriniň reýtingi yzygiderli üýtgäp durýar. IT-bazarda liderlik ugrunda üç sany kompaniýa — «Apple», «NVIDIA» we «Microsoft» bäsleşmegini dowam edýärler.

Bilermenler bu bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesi üçin emeli aň pudagyndaky işläp taýýarlamalar we emeli aň hyzmatlaryny köpçülikleýin önümlere ornaşdyrmak ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji bolmagynda galýandygyny belleýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026