Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler


2027-nji ýylyň 5–7-nji apreli aralygynda Londonda azyk pudagynyň iri halkara sergileri — IFE 2027 we IFE Manufacturing 2027 geçiriler. Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy türkmen önüm öndürijilerini we eksport edijilerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrýar.
IFE sergisi iýmit önümlerini we içgileri tanyşdyrmak üçin dünýäniň iň uly platformalarynyň biridir. Forumyň 105 ýurtdan 25 müňden gowrak hünärmeni we alyjyny jemlejekdigine garaşylýar.
Çärä gatnaşmak türkmen kompaniýalaryna «Made in Turkmenistan» brendi astyndaky önümleri Beýik Britaniýanyň we Ýewropanyň lomaý alyjylaryna, söwda ulgamlaryna hem-de distribýutorlaryna görkezmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanyň bitewi milli pawilýonyny döretmek mümkinçiligine aýratyn üns berilýär.
Şonuň bilen birlikde, önümçilik tehnologiýalaryna, gaýtadan işleýişe, häzirki zaman gaplama çözgütlerine, enjamlara we halkara hil standartlaryna bagyşlanan IFE Manufacturing 2027 sergisi hem bolar.
Çäre kärhanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, tejribe alyşmak we täze daşary bazarlara çykmak üçin amaly meýdança bolar.
Giňişleýin maglumatlary www.ife.co.uk we www.ifemanufacturing.co.uk resmi web sahypalaryndan alyp bilersiňiz.
ORIENT





