HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

Iýul 28, 2026 | 16:30 |3946
Çeşme: orient.tm

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy. Komiksler indi diňe çagalar üçin niýetlenen okalýan eser bolmagyny bes edip, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine hem-de gymmatly maýa goýum serişdesine öwrüldi. «Action Comics 1» neşiriniň bir nusgasy 1,4 million dollara bahalandyrylsa, rekord derejedäki satuw bahasynyň 15 million dollara ýetmegi pop-medeniýet pudagynyň çynlakaý bazara öwrülendigini görkezýär. Emma bu sanlaryň aňyrsynda diňe pul däl, eýsem höwes, nostalgiýa we taryhy geljek nesiller üçin gorap saklamak islegi hem bar. San-Diegoda geçirilen “Comic-Con 2026” ýene-de bir gezek komiksleriň diňe bir haryt däldigini, eýsem dünýäniň millionlarça adamlaryny birleşdirýän medeni koddygyny tassyklady.

Dört gün dowam çäre we diňe çäklendirilen myhmanlar üçin guralan deslapky görkeziliş San-Diegodaky maslahatlar merkezine 135 müňden gowrak hasaba alnan gatnaşyjyny jemledi. Ýüzlerçe sergä gatnaşyjy kinofilm, telewideniýe, wideo oýunlary we köpçülikleýin medeniýetiň beýleki ugurlaryna bagyşlanan maksatnamalary hödürledi. Bu bolsa “Comic-Con”-yň dünýä derejesindäki iň iri pop-medeniýet sergileriniň biri hökmünde abraýyny has-da berkitdi. Metbugatyň üns merkezinde esasan Golliwudyň täze bildirişleri bolan hem bolsa, köp ýyldan bäri bu çärä gatnaşýanlar çap edilen komiksleriň serginiň iň esasy özüne çekiji tarapy bolmagynda galýandygyny bellediler.

“DC Comics” kompaniýasy Supermen hakyndaky täze komiks neşirlerini tanyşdyrdy. Muşdaklar bolsa diňe “Comic-Con” üçin ýörite çäklendirilen mukdarda çykarylan “Comic-Con Superman Experience One” neşirini ele salmak üçin birnäçe sagatlap nobata garaşdylar. Käbir kolleksionerleriň pikiriçe, bu neşiriň gymmaty geljekde ep-esli ýokarlanyp biler.

Gizlin hazynalary gözlemek her ýyl müňlerçe muşdagy sergi meýdançalaryna çekýär. Bir komiks üçin ep-esli pul tölän myhmanlaryň biri bu satyn alşynyň maksadynyň girdeji gazanmak däl-de, öz gyzyklanmasyny maşgalasy bilen paýlaşmakdygyny aýtdy. «Men munuň üçin 65 dollar töledim. Bu meniň üçin miras meselesi. Çagalarym ulalýar. Geljekde olaryň hem komikslere baha berjekdigine umyt edýärin», — diýip, alyjy aýtdy. Komiksiň bazar bahasy iki esasy faktora baglydyr: onuň seýrek duş gelýändigine we fiziki ýagdaýyna. Fiziki ýagdaý hünärmenler tarapyndan 0,5-den 10 derejä çenli bolan ýörite aralykda bahalandyrylýar.

“HighGradeComics.com” internet dükanynyň eýesi Bob Stormsyň aýtmagyna görä, komiksleri kolleksiýa etmek beýleki wintaž kolleksiýasyna maýa goýmak bilen birmeňzeş ýörelgelere esaslanýar. «Bu islendik antikwar zatyny satyn almak ýalydyr. Näçe baha satyn almalydygyny we nähili bahadan satmalydygyny bilmeli. Eger paýhasly hereket etseňiz, beýleki maýa goýumlarda bolşy ýaly, mundan hem girdeji gazanyp bilersiňiz», — diýip, ol aýtdy. Bazardaky iň seýrek we gymmatly neşirleri gözleýänler üçin sergi zalynda komiksleriň taryhynda iň köp isleg bildirilýän nusgalaryň käbiri hödürlendi.

Seýrek komikslere bagyşlanan “ComicConnect” stendinde meşhur neşirler görkezildi. Olaryň arasynda 9.0 dereje bilen bahalandyrylan “Action Comics 1” nusgasy aýratyn ünsi çekdi. Ilkinji gezek 1938-nji ýylda neşir edilen bu sanynda Supermen ilkinji gezek okyjylara tanyşdyryldy. Şeýle hem ol komiksleriň “Altyn eýýamynyň” başlangyjy we supergahrymanlar žanrynyň döreýşi hökmünde giňden ykrar edilýär.

Sergä çykarylan bu nusganyň bahasy 1,4 million ABŞ dollary diýlip kesgitlenýär. Şu ýylyň başynda “ComicConnect” bir komiks üçin tölenen iň ýokary baha boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ozal aktýor Nikolasa Keýje degişli bolan, 9.0 dereje bilen bahalandyrylan “Action Comics 1” nusgasy 15 million ABŞ dollaryna satyldy. Şeýle hem stendde beýleki gymmatly kolleksiýa eksponatlary görkezildi. Olaryň arasynda 39 müň ABŞ dollaryna bahalandyrylan “Möý adam” (Spider-Man) seýrek meksikan neşiri we 35 müň ABŞ dollary bahasy bolan “Ar alyjylar: Final” komiksiniň “Demir adam” filminiň ýyldyzy Robert Dauni kiçi tarapyndan elde çekilen daşky gapakly ýörite nusgasy hem bar.

Şu ýylyň başynda “ComicConnect” bir komiks üçin tölenen iň ýokary baha boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ozal aktýor “Nikolasa Keýje” degişli bolan, 9.0 dereje bilen bahalandyrylan “Action Comics 1” nusgasy 15 million ABŞ dollaryna satyldy. Stendde mundan başga-da birnäçe gymmatly kolleksiýa nusgalary görkezildi. Olaryň hatarynda 39 müň ABŞ dollaryna bahalandyrylan “Möý adam” (Spider-Man) seýrek meksikan neşiri, şeýle hem “Ar alyjylar: Final” komiksiniň “Demir adam” filminiň ýyldyzy Robert Dauni kiçi tarapyndan elde çekilen daşky gapakly ýörite nusgasy bar. Bu komiksiň bahasy 35 müň ABŞ dollary diýlip kesgitlenýär.

Umuman alanyňda, komiks söýüjileriniň jemgyýeti üçin kolleksiýa toplamak diňe bir gymmatly neşirleri ýygnamak däl, eýsem bu sungatyň özboluşly wakalaryny, ussatlygyny we medeni mirasyny geljek nesiller üçin gorap saklamagyň bir görnüşidir. Şeýlelikde, geljekki nesiller hem bu eserleri açyp görmäge we olardan lezzet almaga mümkinçilik alarlar.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, “Comic-Con” diňe bir söwda-sergi bolman, eýsem medeniýetiň maýa goýumlary bilen, nostalgiýanyň bolsa geljekdäki rekordlar bilen çatryşýan özboluşly meýdançasyna öwrülmegini dowam etdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026