Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar


Mart aýynda ImdatBot bilim merkeziniň ýedi topary Aşgabatda geçirilen XCEL saýlama tapgyryna gatnaşdy. Olar: Ecobotix, DM-Robotics, Line-Storm (Aýhan Orazdurdyýew, Kurambaý Matsapaýew we Şamuhammet Kulyýew), APEX, SS-Line, Shadow Racers hem-de Dragon Labs toparlarydyr. Aprel aýynda jemlenen netijelere görä, toparlar bäş altyn we iki kümüş medala mynasyp boldular. Kümüş medallary Shadow Racers we Dragon Labs toparlary gazandy.
Ýeňijileriň hataryndan Line-Storm toparynyň agzasy Kurambaý Matsapaýew Awstraliýada geçirilen halkara XCEL Global robototehnika bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik etdi. Ol 4-nji iýulda Awstraliýa ugrady. Bäsleşik 9–14-nji iýul aralygynda geçirilip, türkmen okuwçysy birinji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy. Kurambaý 16-njy iýulda Aşgabat şäherine ýeňiş bilen dolanyp geldi.
Bilim robototehnikasy boýunça Makeblock kompaniýasynyň resmi hyzmatdaşy bolan ImdatBot üçin bu ýylky halkara üstünlikler munuň bilen çäklenmeýär. Maý aýynda merkeziň okuwçylary Gazagystanda geçirilen Robotek Grand Tournament Astana 2026 halkara ýaryşynda Türkmenistana wekilçilik etdiler. Oňa 10 ýurtdan 300-den gowrak gatnaşyjy gatnaşdy. Leýsan Jumageldiýewa Gazak-Britan Tehniki Uniwersitetinde mugt bilim almak mümkinçiligini gazandy, Tigran Melkumýan bilen Nurýagdy Baýryýew bolsa «Innowasion tehnologiýalar» ugry boýunça ýeňiji boldular.
Mundan bir ýyl öň, 2025-nji ýylda hem ImdatBot okuwçylary Los-Anjeles şäherinde geçirilen XCEL halkara olimpiadasyndan altyn we kümüş medallar bilen dolanypdylar.
2019-njy ýylda Aşgabatda döredilen ImdatBot merkezi ilkinji gezek 2022-nji ýylda MakeX Spark bäsleşigine bäş topar bilen gatnaşypdy. Häzirki wagtda bolsa STEAM usulynda okatmak, ýurtda saýlama tapgyrlaryny geçirmek we halkara bäsleşiklere yzygiderli gatnaşmak arkaly üstünlikli taýýarlyk ulgamyny emele getirdi.
Häzirki wagtda merkezde awgust aýynda geçiriljek tomusky robototehnika okuwlaryna hasaba alyş dowam edýär.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: 141-171
Instagram: @imdatbot
Saýt: imdatbot.edu.tm
Salgy: Aşgabat şäheri, Parahay-3 ýaşaýyş toplumy, Molodýožnaýa köçesi, 120.
ORIENT






